Türkmenistanda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça pudagara topar döredildi
Türkmenistanda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça pudagara topar döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy diýip, türkmen metbugaty 2-nji iýunda habar berdi. Biraz öň, Britaniýanyň “The Guardian” neşiri ABŞ-nyň Türkmenistan bilen Merkezi Aziýa döwletindäki ägirt uly metan syzmasynyň öňüni almak üçin şertnama baglaşmaga çalyşýandygyny habar berdi. Gazetiň ýazmagyna görä, Türkmenistan 184 sany “ýokary gaz syzma” hadysasyna, 2022-nji ýylda dünýäniň iň köp ýyladyşhana gazynyň howa goýberilmegine jogapkär boldy. Читать дальше...