Türkmenistan tigirli ýöriş bilen welosiped gününi belledi
3-nji maýda Aşgabatda Bütindünýä welosiped güni sebäpli köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi. Resmi maglumatlara görä, oňa prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşypdyr. Döwlet media serişdeleri däp bolşy ýaly şol gün müňlerçe türkmen raýaty welosiped sürüşine gatnaşdy - baýramçylyk çäreleri paýtagtda-da, ýurduň sebitlerinde-de geçirildi diýip, habar berdiler. Maglumatlarda Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän welosiped ýörişleri onuň peýdasyna we ekologiýa taýdan arassalygyna köpçüligiň ünsüni çekmek üçin geçirilýändigi aýdylýar. Читать дальше...