103news.com
World News in Turkmen
Июнь
2023

Новости за 05.06.2023

Bişkekde köpçülikleýin tutda-baslyk geçirilýär

Azathabar.com 

Bişkekde häkimiýeti zor bilen ele geçirmäge taýýarlyk görmekde güman edilýän adamlar köpçülikleýin tussag edilýär. Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugynyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komitetiniň işgärleri eýýäm 10 töweregi adamy tussag edipdir. Ýörite gulluklar häzirlikçe adamlaryň tutulýandygy baradaky habarlara resmi düşündiriş bermedi. Biraz öň internetde ýörite gulluklaryň işgärleriniň lybasyndaky adamlaryň howlukmaç öýe girişini görkezýän wideolar peýda boldy. Читать дальше...

Baýramaly, Sakarçäge: Ýol ýakalaryndaky bugdaý meýdanlarynda gyssagly oraga girişmek talap edilýär

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň Baýramaly we Sakarçäge etraplarynda gallaçy kärendeçiler bugdaý ýetişmedik meýdanlarda orak möwsümine gyssagly girişmäge mejbur edilýärler. Ilkinji nobatda, uly ýollaryň ýakasynda ýerleşýän bugdaý meýdanlaryndaky hasylyň ýygnalmagy talap edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji iýunda sebitden maglumat berdi.

Lebabyň käbir sebitlerinde gowaçanyň birinji suwy entegem tutulmady

Azathabar.com 

Lebapda Amyderýanyň suwunyň derejesiniň birnäçe esse kemelmegi, sebitde gyzyşan oba-hojalyk işleriniň bökdemegine sebäp bolýar. Ýurduň gündogar welaýatyndaky habarçymyz Amyderýanyň suwunyň, geçen ýyllaryň şu döwri bilen deňeşdirilende tas üç esse kemelendigini aýtdy. Ýerli oba-hojalyk hünärmenleri bu ýagdaýlara gyssagly çäre görülmese, onda hususan-da pagta hasylynyň pes boljakdygyny duýdurýarlar.



'Türkmen depderleri'. Dürli ýurtlardan bolan aktiwistler başga pikirliligiň türkmen taryhyna degişli proýekt döretdi

Azathabar.com 

5-nji iýunda türkmenleriň başgaça pikirlenýänleriň taryhyna bagyşlanan halkara proýektiň awtorlary onlaýn maglumat portalynyň açylandygyny yglan etdiler. “Türkmen depderleri" atly websaýt türkmen disidentleri tarapyndan we başga pikirli adamlar barada onlarça ýylyň dowamynda çap bolan habarlary, söhbetdeşlikleri, analitiki maglumatlary we kitaplary öz içine alýar. "Türkmen depderleri" saýty dürli ýurtlardan bolan aktiwistler topary tarapyndan döredildi. Howpsuzlyk sebäpli adynyň agzalmazlygyny... Читать дальше...

Balkan: Býujet işgärleri yssy howada köpçülikleýin tigirli ýörişlere çekildi

Azathabar.com 

Bütindünýä Welosiped güni mynasybetli 3-nji iýunda Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarda köpçülikleýin tigir ýörişleri geçirildi. Balkan welaýatynda yssy howada geçirilen mejbury ýörişleriň dowamynda onlarça adamyň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşdy. Paýtagtda geçirilen çärelere prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkan welaýatynyň Awaza etrabynda we Türkmenbaşy şäherinde 3-nji iýun güni irden sagat 7:00-dan öýlän sagat 14:00-a çenli  geçirilen tigirli ýörişlere... Читать дальше...



Türkmenistanda elektrik çilim ‘gadagan’ edilýär, kalýan bilen surata düşen ýaşlar soraga çekilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda berk çäklendirilýän temmäki önümleriniň ornuny tutýan serişdeleriň satuwyna we olaryň ulanyjylaryna garşy çäreler güýçlenýär. Garaşsyz neşir ýurtda elektrik çilimleriň söwdasynyň gadagan edilendigini habar berýär. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy suw çilimi, ýagny kalýan bilen suratlary sosial torlarda paýlaşylan ýaşlaryň soraga çekilýändigini aýdýar. Türkmen häkimiýetleri ýurduň 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat boljakdygyny aýdyp, köp halatda birtaraplaýyn görnüşdäki we dil üsti bilen berilýän çäklendirmeleri girizýär. Читать дальше...

PÝGG işgäriniň öz pogonyny özi ýyrtyp, sürüjä töhmet atýan wideosy sosial mediada paýlaşyldy

Azathabar.com 

Türkmenistanda Polisiýanyň Ýol gözegçiligi gullugynyň bir işgäriniň öz pogonyny, ýagny eginligini özi ýyrtyp, sürüjiniň üstüne töhmet atýan wideosy sosial torlarda seslenme döretdi. YouTube we TikTok sosial media saýtlarynda ýaňy-ýakynda peýda bolan wideoda polisiýa uniformasyndaky ýol gözegçiligi gullugynyň bir işgäri gara ýoluň ugrunda saklanan bir ýeňil awtomobil ulagynyň sürüjisine jerime ýazýan görnüşde görkezilýär. Görnüşinden, sürüji barada dartgynly ýagdaýda protokol doldurýan kiçi seržant... Читать дальше...

Türkmenabatda biometrik pasport üçin nobata ‘dekabrda’ ýazga durup bolýar

Azathabar.com 

Lebabyň dolandyryş merkezinde biometriki pasport almak ýa-da ony täzelemek üçin nobata diňe ýylyň aýagyndan başlap ýazga durup bolýar. Bu çäklendirme ýurtdaky agyr ykdysady krizis, iş ştatlarynyň köpçülikleýin kemeldilmegi netijesinde, barha köp adamyň ýurtdan çykmak ugrundaky tagallalaryna gabat gelýär. Munuň bilen bagly, mümkin korrupsiýa hadysalary barada hem maglumat gowuşýar. Ýurduň tas ähli welaýat merkezlerinde, şol sanda Aşgabatda raýatlaryň biometriki pasport almakdaky kynçylyklary şu ýylyň başynda güýçlenip başlady. Читать дальше...

TDH: Meredow ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň strategiýasyny taýýarlaýar

Azathabar.com 

Daşary işler ministri Raşid Meredow hökümet mejlisinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny işläp taýýarlamak meselesi barada hasabat berdi diýip, TDH 2-nji iýunda habar berdi. Bu 1-nji maýda prezidentiň karary esasynda dynç almaga çykan ministriň gatnaşan ilkinji hökümet mejlisi bolup, onuň wezipesinden gyrakladylýan bolmagynyň ähtimallygy barada ýaýran gürrüňleri ýalana çykarýar. Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň nygtamagyna görä, hemmetaraplaýyn bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek... Читать дальше...

Türkmen prezidenti Türkiýäniň prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Azathabar.com 

Prezident Serdar Berdimuhamedow 3-nji iýunda Ankarada Rejep Taýyp Ardoganyň Türkiýäniň gaýtadan saýlanan prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy. TDH döwlet baştutanynyň Rejep Taýyp Ardogany saýlawda gazanan ýeňşi bilen gutlap, oňa Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny hem ýetirendigini habar berýär. Berdimuhamedow şol günüň özünde, “Çankaýa” köşgünde belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna berlen resmi agşamlyk naharyndan soň, Türkmenistana dolandy.

Russiýada Nawalnyny goldamaga çykanlaryň ýüzden gowragy tussag edildi

Azathabar.com 

Oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnyny goldamak üçin geçirilen protest çäreleri wagtynda, bazar güni agşam berlen maglumata görä, 100-den gowrak adam tussag edildi. Saklananlaryň azyndan dört sanysy kämillik ýaşyna ýetmedik diýip, "OVD-Info" taslamasynyň beren habarynda aýdylýar. Saklanan 109 adamyň ady belli. Olaryň 60-dan gowragy Moskwada, 10-dan gowragy Sankt-Peterburgda tussag edildi. Umuman alanyňda, Russiýanyň 23 şäherinde bu çärä gatnaşan adamlar tussag edildi. 4-nji iýun Wladimir sebitindäki... Читать дальше...

ÝB Merkezi Aziýa garşy gadaganlyk girizmejekdigini aýdýar

Azathabar.com 

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel merkezi aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurtlary Russiýa garşy girizilen çäklendirmeleri bozan ýagdaýynda hem, olaryň Ýewropa Bileleşigi tarapyndan sanksiýa, gadaganlyk bilen ýüzbe-ýüz bolmajakdygyny aýtdy. RBK bu habary Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Çarlz Mişeliň 2-nji iýunda "Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa" sammitinde eden çykyşyna salgylanyp habar berdi. Mişeliň sözlerine görä, ÝB häzir, sowlup geçmek töwekgelçiligini azaltmak üçin, 11-nji... Читать дальше...



Москва

«А потом мир погас». Жертва молнии рассказал о боли, которую едва пережил


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: на средства от реализации зеленых облигаций закуплен 451 электробус



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Игорь Бутман

Бутман: не стоит обращать внимания на выбранную МОК музыку для россиян на ОИ




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Сотрудники Росгвардии приняли участие в чемпионате Центрального округа по боксу.

На окружном полуфинале конкурса «Это у нас семейное» Калмыкию представляют четыре семьи

Прием заявок на участие в конкурсе на лучшее путешествие по Дальнему Востоку начнется в мае


Арина Соболенко

Бадоса из-за травмы снялась с матча против Соболенко и заплакала у сетки



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Появилось видео допроса подозреваемого в убийстве байкера в Москве



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России