Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июнь
2023

Новости за 09.06.2023

Suw çilimini çeken adamlaryň 'tobasyndan' soň, häkimiýetler kalýan göreşini güýçlendirýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi sosial torlarda özleriniň suw çilim, kalýan çekip düşen suratlaryny paýlaşan raýatlaryň öz-özlerini ýazgarýan “teletobalaryny” efire berenden soňra, Mary welaýatynda kanun goraýjy edaralar kalýan çekýän adamlara garşy göreşi güýçlendirdi. Döwlet telewideniýesinde görkezilen “ýazgaryş” wideolarynyň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçysy şu günler Mary welaýatynyň administratiw merkezinde polisiýa işgärleriniň topar-topar bolup, kalýan çekmekde güman edilýän adamlaryň öýlerini dökýändigini habar berýär. Читать дальше...

Stambulda ýene bir türkmen raýaty öldürildi. Güman edilýän merhumyň adamsy

Azathabar.com 

Stambulda Türkiýä üç aý öň gelen 32 ýaşly türkmen raýaty Mähri Ereşowa öldürildi diýip, “Türkmen.news” "Sabah" neşirine salgylanyp habar berýär. Öldürilen aýal paket öndürýän fabrikde işläpdir we 38 ýaşly adamsy Mekan Ereşow bilen bilelikde Beýlikduzu etrabynda bir kwartirany kireýine alypdyr. Bu kwartiranyň eýesi Aýnabat Rahmedowa 7-nji iýunda olary görmäge gelýär, ýöne gapyny hiç kim açmaýar. Şondan soň ilki Mekana, soň gyssagly kömek hyzmatlaryna jaň edýär. Mekan jaýa penjireden girip, Mähriniň öldürilendigini görýär. Читать дальше...

Ýaragly güýçlerde gulluk borjuny berjaý edenler harby biletlerini 'satyn almaly' bolýarlar

Azathabar.com 

Türkmenistanda harby gulluga täze esgerleriň alynýan wagty gulluk borjunyň möhleti gutaran esgerleri goşundan boşatmak möwsümi dowam edýär. Şu günler ýurduň dürli künjeklerinde öýlerine dolanýan ýaşlar göze ilýär. Emma habarçylar we çeşmeler esgerleriň goşundan gaýtmagynda dürli kynçylyklaryň ýüze çykýandygyny habar berýärler. Şu günler Türkmenabadyň demirýol wokzalynda harby gullugundan boşap gelýän esgerleriň ýüzlerçesini günde görüp bolýar diýip, Lebapdaky habarçymyz, topar bolup, otluly gelýän... Читать дальше...

Maryda güýçli ýel turdy, ilatyň elektrik üpjünçiliginde bökdençlik ýüze çykdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitlerinde 8-nji iýunda agşamara güýçli ýel turdy. Mary welaýatynyň Garagum etrabynda elektrik üpjünçiligi kesildi. Güýçli şemal miweli baglara zyýan ýetirdi. Sebitiň administratiw merkezinde býujet işgärleri, jemagat gullugynyň işçileri 9-njy iýunda, günüň birinji ýarymynda, tozanly şemal heniz hem dowam edýän mahaly ýowar geçirdi. Biraz öň, howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri 7-8-nji iýunda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde güýçli şemalyň öwüsmegine garaşylýandygyny habar berdi. Читать дальше...

Pakistan, Türkmenistan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegi çaltlaşdyrmagyň maslahatyny etdi

Azathabar.com 

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisi taslamasynyň işlerini çaltlaşdyrmak maksady bilen Bilelikdäki durmuşa geçiriş planyna gol çekdi diýip, pakistan metbugaty habar berýär. Aşgabatdan Yslamabada baran wekiliýetiň Pakistanyň nebit ministri Musadik Maligiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçiren duşuşygyna döwlet ministri, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew ýolbaşçylyk etdi. Taraplar energiýa hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, energiýa söwdasyny ýokarlandyrmak we strategiki we amatly... Читать дальше...

Özbegistanda şübhe bildirilýän adamyň ölümi we närazylyk. Etrap içeri işler bölüminiň ýolbaşçylary wezipesinden boşadyldy

Azathabar.com 

Özbegistanyň Daşkent welaýatynyň Buka etrabynyň polisiýa bölüminiň binasynda gynalandygy çak edilýän 36 ýaşly adam ýogaldy. Özbegistanyň Içeri işler ministrligi etrap polisiýa bölüminiň ýolbaşçylarynyň ählisiniň diýen ýaly işden boşadylandygyny habar berdi. Olardan iki gullukçy tussag astyna alnypdyr. Emma resmi beýanatda, kanun goraýjylaryň gynamalardan peýdalanýandygy barada, hiç zat aýdylmaýar. Diňe merhumyň jesedinde şikes yzlarynyň bolandygy habar berilýär. Bu waka diňe merhumyň dogan-garyndaşlarynyň protestinden soň belli boldy. Читать дальше...

Çeşmeler: Täjik häkimiýetleri Owganystanyň onlarça “ýaragly” raýatyny tussag etdi

Azathabar.com 

Täjigistanyň hukuk goraýjy we howpsuzlyk güýçleri ýurduň günortasyndaky Hatlon sebitinde Owganystanyň onlarça ýaragly raýatyny, şol sanda öňki harby işgärleri tussag etdi diýip, hökümet edaralaryndaky çeşmeler 8-nji iýunda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna habar berdiler. Efirde adynyň agzalmazlygy şerti bilen gürleşen täjik resmileriniň biri tussag edilen owgan raýatlarynyň Duşenbä geçirilendigini aýtdy. Berk gözegçilikde saklanylýan öňki sowet respublikasynyň häkimiýetleri bu habary häzire çenli ne tassyklady, ne-de inkär etdi. Читать дальше...



Москва

Шапки женские вязаные на Wildberries, 2024 — новый цвет от 392 руб. (модель 466)


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: парковка в Москве на майских праздниках будет бесплатной



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Алсу

Алсу ире белән аерылышканмы?




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

RU.TV превращает Русскую Музыкальную Премию в Мюзикл

Генерал-полковник Алексей Воробьев высоко оценил подготовку кинологов Росгвардии к предстоящим соревнованиям по профессиональному многоборью

Кыргызстанцы завоевали медали на международном турнире по танцам в Москве


Елена Рыбакина

Камбэком обернулся матч вундеркинда из России перед стартом Еленой Рыбакиной в Мадриде



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Более 100 студентов посетило СЛД Курск в рамках акции «Неделя без турникетов»



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России