103news.com
World News in Turkmen
Август
2022

Russiýanyň yz ýany, Türkmenistan Hazar deňzinde harby-deňiz paradyny geçirdi

0
Russiýanyň yz ýany, Türkmenistan Hazar deňzinde harby-deňiz paradyny geçirdi

Russiýanyň 31-nji iýulda geçiren iri harby-deňiz ýörişleriniň yz ýany, hazarýaka Türkmenistan 10-njy awgustda Hazar deňzinde dabaraly harby-deňiz paradyny geçirdi. Dynç alyşda bolýan prezident Serdar Berdimuhamedow harby ýörişe gatnaşyp, ýurduň deňiz güýçleriniň kuwwaty bilen tanyşdy.

Rus metbugatyna görä, Russiýanyň 31-nji iýulda Hazar deňzinde we beýleki suwlarda geçiren harby-deňiz paradyna Hazarýaka döwletlerden Eýranyň we Azerbaýjanyň harby gämileri hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligine (TDH) görä, Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Hazaryň kenarynda ýerleşýän “Garşy” deňiz birikmesine dikuçarly baryp, ilkibaşda, “Deňiz han” korwet kysymly harby gämisi bilen tanyşdy.

Ýatlasak, “Garşy” deňiz birikmesi bir ýyl mundan ozal açyldy. “Deňiz han” harby gämisi hem geçen ýylyň 11-nji awgustynda ulanylmaga berildi. Has ozal, “Deňiz han” gämisiniň Türkiýäniň “Dearsan” gämigurluşyk kärhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň abatlaýyş kärhanasynda gurlandygy habar berildi.

TDH “Deňiz han” korwet harby gämisiniň garşydaşyň suwasty hem-de suwüsti söweşjeň gämilerini, guryýer we howa nyşanalaryny ýekelikde hem-de gämi urgy toparynyň düzüminde ýok etmek üçin niýetlenendigini habar berýär.

Deňiz-harby ýörişiniň dowamynda 25-den gowrak dürli kysymly gämiler, şol sanda söweşjeň katerler, gaýyklar, gorag gämileri görkezildi.

Döwlet metbugaty ýurduň harby-deňiz güýçleriniň kuwwatynyň pugtalandyrylýandygyny aýdýar.

91 metr belentlikdäki we 1600 tonna agramdaky “Deňiz han” korwet harby gämisi Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň inwentaryndaky iň iri harby gämi bolup durýar. Harby neşirlere görä, Türkmenistanda “Deňiz handan” başga, Russiýada öndürilen ýene iki korwet harby gämisi bar.

Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer Türkmenistanyň Hazarda geçiren harby-deňiz paradynyň, esasan, Türkmenistanyň öz harby güýçleriniň kuwwatyny görkezmek isleginden hem-de türkmen ýolbaşçylarynyň Russiýa bildirýän ygrarlylygyndan ybarat bolandygyny aýdýar.

“Bu ýerde esasan iki pikir döreýär. Birinjilik bilen, elbetde, beýleki ähli Hazarýaka döwletleriň dürli ululykda öz harby-deňiz güýçleri bar. Elbetde, Hazarda iň uly harby güýç Russiýa bolup durýar. Russiýanyň golaýda Harby-deňiz güýçleriniň gününi bellemegi bilen, şeýle-de, beýleki kenarýaka ýurtlaryň hem öz harby-güýçlerine jemgyýetçiligiň ünsüni çekip başlamagy bilen, meniň pikirimçe, Serdar Berdimuhamedow harby-deňiz paradyna gatnaşyp, hemmelere Türkmenistanyň hem Hazar deňzinde nähilidir bir harby-deňiz kuwwatyň bardygyny görkezmek isledi” diýip, Panniýer aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow iýun aýynda Russiýa sapar edip, rus kärdeşi Wladimir Putin bilen Moskwada geçiren duşuşygynda-da, iýul aýynda Hazarýaka döwletleriň liderleriniň Aşgabatda geçirilen sammitinde-de Hazar deňziniň howpsuzlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Ýöne [Türkmenistanyň harby-deňiz paradyny geçirmeginiň aňyrsynda ýatan iň esasy sebäp], meniň pikirimçe, ‘rus galtaşygy’ bilen bagly bolup durýar” diýip, bilermen aýtdy.

Panniýer soňky birnäçe ýyl bäri Türkmenistanyň Russiýanyň orbitasyna barha ýakynlaşandygyny ýatladyp, hususan-da Serdar Berdimuhamedowyň prezident wezipesine geçmeginden soň, bu meýliň has-da güýçlenendigini gürrüň berdi.

Russiýa Hazar sebitinde howpsuzlyga ünsi çekip gelýär. Türkmenistan, Eýran, Azerbaýjan, Gazagystan we Russiýa Altynjy Hazar sammitiniň jemleri boýunça çap eden bilelikdäki beýanatynda Hazar deňzine kenarýaka döwletlerden keseki ýurtlaryň harby goşunlaryny salmazlyk barada berýän wadalaryny gaýtaladylar.

“Meniň pikirimçe, harby parad bilen Türkmenistan simwoliki taýdan Kremle özüniň Russiýa bilen biledigini yşarat edýär. Türkmenistan Hazar deňzinde howpsuzlygyň ileri tutulýan ugurdygy barada Russiýanyň berýän beýanatlary bilen ylalaşýandygyny hem-de bu babatda Moskwanyň yzyna eýerýändigini yşarat edýär” diýip, Merkezi Aziýa boýunça bilermen aýtdy.

Brýus Panniýer Hazar sebitine hiç hili howpuň abanmaýandygyny belläp, sebitde, hususan-da Russiýanyň ýolbaşçylygynda howpsuzlygyň gün tertibine getirilmegini sorag astyna alýar.

Russiýanyň iki hepde mundan ozal geçiren harby-deňiz ýörişleri ýurtda her ýyl 31-nji iýulda bellenilip geçilýän Harby-deňiz güýçleriniň gününe bagyşlandy. Türkmenistan Harby-deňiz güýçleriniň gününi her ýylyň 9-njy oktýabrynda belleýär.

Bu aralykda, Russiýa 31-nji iýulda täze Deňiz doktrinasyny kabul etdi. Hökümetçi Turkmenportal.com neşiri Russiýanyň täze Deňiz doktrinasyna laýyklykda Hazar sebitindäki ýurtlar bilen aradaky harby hyzmatdaşlygy ösdürmegi nazarlaýandygyny habar berdi.

“Global Fire Power” neşiriniň 2022-nji ýyl boýunça çap eden hasabatyna görä, Türkmenistan harby-deňiz güýçleriniň kuwwaty boýunça Hazar sebitinde Russiýadan we Eýrandan soň, üçünji orunda durýar.

Türkmenistanyň harby-deňiz güýçleri hasabata girizilen 140 ýurduň arasynda 71-nji orny eýeleýär. Deňiz güýçleriniň sanawynda Azerbaýjan 140 ýurduň arasynda 77-nji orunda, Gazagystan 93-nji orunda gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин рассказал, как Москва помогает производителям оборудования





Москва

Архитектурные доминанты округов Москвы


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Раньше срока. Собянин: новая развязка улучшит движение для 600 тыс. человек



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Семён Слепаков

Shot: комик Семен Слепаков решил ликвидировать ИП в России




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Sitronics Group рассказала о достижениях компании в области корпоративного спорта

«Радио Зенит» – информационный партнер форума «Мы вместе. Спорт»

Федерация бокса России на ВДНХ


Дарья Касаткина

Теннисистка Касаткина отреагировала на высказывания Винер о россиянах



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Пассажир рейса Москва — Пермь попал в реанимацию



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России