103news.com
World News in Turkmen
Июнь
2023

Özbegistanda şübhe bildirilýän adamyň ölümi we närazylyk. Etrap içeri işler bölüminiň ýolbaşçylary wezipesinden boşadyldy

0
Özbegistanda şübhe bildirilýän adamyň ölümi we närazylyk. Etrap içeri işler bölüminiň ýolbaşçylary wezipesinden boşadyldy

Özbegistanyň Daşkent welaýatynyň Buka etrabynyň polisiýa bölüminiň binasynda gynalandygy çak edilýän 36 ýaşly adam ýogaldy.

Özbegistanyň Içeri işler ministrligi etrap polisiýa bölüminiň ýolbaşçylarynyň ählisiniň diýen ýaly işden boşadylandygyny habar berdi. Olardan iki gullukçy tussag astyna alnypdyr. Emma resmi beýanatda, kanun goraýjylaryň gynamalardan peýdalanýandygy barada, hiç zat aýdylmaýar. Diňe merhumyň jesedinde şikes yzlarynyň bolandygy habar berilýär.

Bu waka diňe merhumyň dogan-garyndaşlarynyň protestinden soň belli boldy.

Ol geçen hepdäniň dowamynda, içeri işler edaralarynda bolup geçen adam pidasynyň ikinjisidir.

36 ýaşly, dört çaganyň kakasy U.S. Daşkent welaýatyndaky Buka etrap polisiýa bölüminde soraga çekilende, ýaralanandygy sebäpli keselhanada aradan çykdy.

3-nji iýunda ýüze çykan bu waka 5-nji iýunda metbugata mälim boldy. Sosial ulgamlarda goh-galmagal artansoň, Özbegistanyň Içeri işler ministrligi bu waka bilen bagly beýanat berdi.

Içeri işler ministrliginiň başky beren resmi maglumatynda, saklanan adamyň "ABŞ-da doglandygy" bellenildi. Soňra ol aýrylyp, merhumyň Daşkent welaýatynyň Ýukariçyrçyk etrabynda ýaşandygy habar berildi.

Resmi beýanata görä, ýaş adam 3-nji iýunda birnäçe talaňçylykda şübhelenip saklanypdyr.

«3-nji iýunda, takmynan 22:00-da, derňew işleriniň ýolbaşçylary ony sorag edilýän ýörite jaýa däl-de, gulluk otagyna getiripdir we prosessual düzgüni bozup, ony soraga çekipdirler. Sorag wagtynda şübhe bildirilýäniň saglygy ýaramazlaşyp, Tiz kömek çagyrylypdyr. U.S. keselhana getirilensoň aradan çykdy».

Ilkinji geçirilen sud-medisina ekspertizasynyň barlaglaryna görä, U.S-nyň teninde şikes yzlarynyň bardygy anyklandy. Merhumyň garnynyň töwereklerine urlandygy, boýnunda hem bogulmak yzlary galypdyr.

Özbegistanyň Içeri işler ministrliginiň beýanatyna görä, häzirki wagtda tussaglykda saklanýan iki operator işgär güman edilýäni gynandyklaryny inkär edýär. Prokuratura Buka etrabynyň polisiýa bölüminde güman edilýäniň ölümi barada, goşmaça barlag belledi.

Gynama fakty köpçülikleýin habar serişdelerine mälim bolansoň, Daşkent welaýatynyň prokuraturasy jenaýat işini açdy. Saklanan ol iki gullukça garşy Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 235-nji maddasy (“Gynama we beýleki rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da kemsidiji garaýşy ýa-da jezany ulanmak”) esasynda jenaýat işi gozgaldy.

– Bize Daşkent welaýatynyň Buka etrabynda, gynamalaryň amala aşyrylandygy hakda täze habar gowuşdy.

Owaly bilen bir möhüm ýagdaý, Özbegistanda gynamalaryň bardygy açyk aýdylyp başlandy. Özbegistanda 235-nji madda laýyklykda, gynamalara gatnaşandygy üçin, kazyýet jogapkärçiligine çekmek boýunça praktikanyň işläp taýýarlanýandygyny görkezýän alamatlar bar. Emma bu jenaýatlara gatnaşýanlaryň kazyýetde aýyplanmagynyň gowşak boljagyndan howatyr edilýär. Näme üçin? Gynamalara gatnaşanlar kanun goraýjy edaralardan bolansoň, olar harby kazyýet arkaly adalata höküm çykarylmak bahanasy bilen ähli çäreler ýapyk gapylaryň aňyrsynda saklanylýar — diýip, Fransiýada hereket edýän "Merkezi Aziýada adam hukuklary" atly assosiasiýanyň başlygy Nadežda Ataýewa aýdýar.

Daşkent welaýatynyň kanun goraýjy edaralaryna ýakyn biziň çeşmämiziň maglumatyna görä, U.S-nyň ölümi bilen baglanyşykly derňewiň podpolkownik Artik Hudaýbergenowa hem degişli bolmagy mümkin, ol soňky bäş ýylyň dowamynda, Daşkent welaýatynyň Baş içeri işler bölüminiň Jenaýat agtaryş toparyna ýolbaşçylyk edýär.

Kun.uz neşiri podpolkownik Artik Hudaýbergenowyň Tursinhan Hudaýbergenowyň ogludygy meselesine ünsi çekdi, sebäbi ol prezident Mirziýoýewiň maslahatçysy. A. Hudaýbergenowyň ýolbaşçylygy döwründe, welaýat jenaýat agtaryş bölüminiň işgärleriniň köp bikanun hereketlerine "diňe göz ýumlandygyny" neşir mälim edýär.

Ýukariçyrçyk etrabynda ýaş adam ölenden soň, sosial ulgamlaryň özbek segmentinde wideo ýaýradyldy, onda merhumyň garyndaşlarynyň gaharlanyp, Buka etrap polisiýa bölüminiň jaýyna gelendikleri, hatda olaryň käbiriniň howlynyň içine girjek bolýandygy görünýär.

Bu çäre barada Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň žurnalistiniň Buka etrabynyň Içeri işler bölüminden we Daşkent welaýatynyň Baş içeri işler edarasyndan kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady.

Häzirki wagtda merhumyň doly ady we familiýasy, şeýle hem kimdigi barada hiç zat aýdylmaýar. Azatlygyň çeşmeleri U.S-nyň we onuň närazylyk bildirýän garyndaşlarynyň Buka etrabynda ýaşaýan sygan jemagatyna degişli ýerli ilatyň wekilleridigini tassyklaýar.

Žurnalistimiz bilen söhbetdeş bolan aktiwistleriniň aýtmagyna görä, Özbegistanyň Içeri işler ministrliginiň dessine reaksiýa bildirip, Buka etrabynyň Içeri işler bölüminiň tutuş ýolbaşçylarynyň wezipesinden boşadylmagy, adatça häsiýetli bolmasa-da, bu işiň etniki çaknyşyklara öwrülmek howpunyň bardygyny görkezýär.

Daşkent welaýatynyň Buka etrabynda bolan waka Özbegistanda soňky bir hepdäniň dowamynda ýüze çykan gynamalaryň ikinji pidasydyr. Mundan öň 22-nji maýda Surhanderýa welaýatyndan bolan 21 ýaşly oglanyň ýogalandygy barada habar berlipdi. Daşkent şäheriniň Çilanzar etrabynyň Içeri işler bölüminde, soraga çekilen wagty hajathana gitmäge rugsat sorapdyr we aýdylmagyna görä, ol "4-nji gatdaky hajathananyň penjiresinden aşak böküpdir". Ýaş ýigit 29-njy maýda huşuny gelmän, keselhanada jan berýär. Ýöne lukmanlarynyň we oglanyň garyndaşlarynyň güwälikleri resmi maglumatdan aýry gelýär.

– Daşkent welaýatynyň Buka etrabyndan ýaýran pajygaly habar, ýagny iki operatiw işgäriň adamy ölýänçä gynamagy Özbegistanda gynamalaryň adaty tejribe bolup galýandygyny ýatladýar. Eger-de muny geçen hepdäniň mysaly bilen bile alsak, adam 4-nji gatdan ýykylandan soň şübheli ýagdaýda ölse, munuň özi Özbegistanda gynamalar bilen baglanyşykly ýagdaýyň gowy däldiginiň örän möhüm yşaraty – diýip, Günorta Kaliforniýa Uniwersitetiniň professory, adam hukuklary boýunça aktiwist Stiw Swerdlow Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna aýtdy.

Geçen ýyl Nöküsde bolan köpçülikleýin protestler bilen baglylykda 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Dauletmurat Täjimuratow hem derňewiň dowamynda, Garagalpagystanyň Içeri işler ministrliginiň binasynda özüniň gynalandygyny aýtdy.

Halkara adam hukuklary guramasy Amnesty Internationalyň hasabatynda, Nöküs işinde aýyplanýanlara garşy gynamalaryň ulanylandygy bellendi.

Iki aý mundan ozal Namangan polisiýa bölüminde hem gynama wakasy bilen bagly habar peýda boldy. 12-nji aprelde Namangan etrabynyň polisiýa işgärleri tarapyndan saklanan telekeçi we Orsýetiň raýaty Dilşod Turahajaýewiň rehimsiz gynamalara sezewar edilendigi belli boldy.

2021-nji ýylyň 26-njy iýunynda – gynamalaryň pidalaryna goldaw bermek boýunça Halkara gününde, prezident Şawkat Mirziýoýewiň gynamalaryň ýüze çykarylmagy we öňüni almak boýunça sistemany kämilleşdirmek boýunça goşmaça çäreler hakyndaky permana gol çekendigi habar berlipdi. Emma ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň sözlerine görä, soňky döwürde gynamalar sebäpli adam ölüminiň yzy kesilenok.

Hususan-da, 2021-nji ýylyň 26-njy iýulynda Kaşgaderýa welaýatynyň Nişan etrap polisiýa bölüminiň jenaýatyň öňüni alyş bölümine äkidilen ýerli ýaşaýjy Nursoat Muhammadiýewiň garyndaşlaryna bir gün soňa onuň jesedi berildi. Kanun goraýjy edaralar onuň welaýat narkodispanserde ölendigini habar berdiler, emma merhumyň garyndaşlary onuň urlup öldürilendigini aýdýarlar. Muhammadiýewiň jesedinde gynamalaryň yzynyň barlygy hakda garyndaşlarynyň arzasyna garamazdan, kanun goraýjy edaralar barlag işlerini geçirmediler.

Kaşgaderýa welaýatynyň “Çandyr” mähellesiniň ýaşaýjysy Ýusuf Sultanowy 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda polisiýa işgärleri bölüme alyp gitdiler, 6 sagatdan soň dogan-garyndaşlary onuň ölendigini eşitdiler. Sülçi Sultanowyň «arakdan ölendigini» aýtdy.

2022-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda 14 ýaşly Röwşenbek Abdusattorow ogurlykda şübhelenip saklanandan bir gün soň aradan çykdy. Ol Fergana welaýatynyň Kokant şäherçesinde ýerleşýän ýetginjeklere sosial-hukuk kömegini bermek merkeziniň jaýynda saklanypdy. Dokuzynjy synp okuwçysy urulmak sebäpli aradan çykypdyr.

Geçen aýda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Adam hukuklarynyň Jarnamasynyň 75 ýyllygynyň "giňden baýram" edilmegi baradaky permanagol çekdi.

Permana laýyklykda Özbegistanyň hökümeti BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşine ýurtda adam hukuklaryny goramak, şol sanda gynamalara garşy göreş barada, milli hasabat taýýarlaýar.

– Owaly bilen reforma prosesi başlanandan ençeme ýyl geçenden soňra-da, Gyzyl Haç Halkara komiteti Özbegistanyň türmelerindäki tussaglaryň ýanyna we tussaghanalara arkaýyn baryp bilmeýär. Ikinjiden, bu kynçylyk bilen söz azatlygynyň örän-örän ýakyndan baglanyşyklydygyny bilýäris. Eger žurnalistler we adam hukuklaryny goraýjylar öz işlerini erkin ýerine ýetirmäge ýagdaýy bolmasa, onda biz bu mesele barada kän bir zat bilmeris. Özbegistan BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň agzasy hökmünde, gynamalar problemasyna garşy has aktiw gatnaşmalydyr, gynamalaryň diňe bir öňüni almak däl, eýsem raýat jemgyýetçilik guramalarynyň, adam hukuklary boýunça guramalaryň, žurnalistleriň bu agyr meseläni hakykatdan hem arkaýyn ara alyp maslahatlaşyp bilmegine şertleri döretmeli – diýip, Günorta Kaliforniýa Uniwersitetiniň professory, adam hukuklary boýunça aktiwist Stiw Swerdlow aýdýar.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara Human Rights Watch (HRW) guramasy 24-nji maýda çap eden hasabatynda, Özbegistandaky rehimsizlik we gynamalar baradaky maglumatlary aýtdy.

– Adam hukuklaryny goraýjylar we raýat jemgyýetiniň wekilleri gynamalaryň ýagdaýlaryny halka ýetirmek üçin, elinde baryny edýärler. Emma gynamalaryň praktikasyny diňe döwletiň özüniň gatnaşmagy we ony saklamaga isleginiň bolan ýagdaýynda we raýat jemgyýetiniň ösmegi netijesinde togtatmagyň mümkindigine düşünmek zerurdyr – diýip, Fransiýada hereket edýän "Merkezi Aziýada adam hukuklary" atly assosiasiýanyň başlygy Nadežda Ataýewa aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: На майских праздниках парковка в Москве будет бесплатной





Москва

Зацепиться за угол. Какое жильё можно купить в Москве за миллион-полтора


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: С 29 апреля по 1 мая парковаться на улицах Москвы можно будет бесплатно



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Коммерсантъ

Похищенный кредит пересчитали в сроки // Вынесен приговор группировке ритейлеров




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Кыргызстанцы завоевали медали на международном турнире по танцам в Москве

Расплата за расточительство! ФК «Оренбург» на домашнем поле уступил ФК «Динамо» (Москва) – 1:2

Сотрудник ОМОН «Крепость» стал бронзовым призером на соревнованиях Центрального округа Росгвардии по боксу


WTA

Мария стала соперницей Азаренко на турнире WTA в Мадриде



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Сотрудник ОМОН «Крепость» стал бронзовым призером на соревнованиях Центрального округа Росгвардии по боксу



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России