103news.com
World News in Turkmen
Июнь
2023

Suw çilimini çeken adamlaryň 'tobasyndan' soň, häkimiýetler kalýan göreşini güýçlendirýär

0
Suw çilimini çeken adamlaryň 'tobasyndan' soň, häkimiýetler kalýan göreşini güýçlendirýär

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi sosial torlarda özleriniň suw çilim, kalýan çekip düşen suratlaryny paýlaşan raýatlaryň öz-özlerini ýazgarýan “teletobalaryny” efire berenden soňra, Mary welaýatynda kanun goraýjy edaralar kalýan çekýän adamlara garşy göreşi güýçlendirdi.

Döwlet telewideniýesinde görkezilen “ýazgaryş” wideolarynyň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçysy şu günler Mary welaýatynyň administratiw merkezinde polisiýa işgärleriniň topar-topar bolup, kalýan çekmekde güman edilýän adamlaryň öýlerini dökýändigini habar berýär.

“Raýatlaryň garşylygyna garamazdan, polisiýa işgärleri käbir hojalyklara girip, öýleri dörmäge başlaýarlar. Kalýan çüýşesini, balyny, kömürini, falgasyny tapsalar öý eýesini ýerli polisiýa bölümine äkidýärler” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Polisiýa işgärleri kalýan çekmekde aýyplanýan adamlary soraga çekýärler hem-de suw çilimleri we çilim çüýşeleri tapylan hojalyklaryň kalýan söwdasy bilen meşgullanmakda aýyplanýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi soňky wagtlarda ilat arasynda kalýan çekmegiň meşhurlyk gazanýandygyny aýdýarlar.

“Soňky wagtlarda il arasynda kalýan çekmek moda boldy. Käbir adamlar öz hojalyklarynda ýa-da kafelerde kalýan hyzmatyny hödürleýärler” diýip, bir ýaşaýjy aýdýar.

Habarçymyzyň anyklan maglumatlaryna görä, şäheriň iri köçeleriniň biriniň ugrunda dört ýerde kalýan hyzmatyny hödürleýän iş ýeri bary ekeni.

“Olaryň birinde hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň özleri gelip, gije sagat 23:00-dan soň, kalýan çekerdiler. Häzir olar ýapyk dur” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýagdaýdan habarly bir çeşmäniň sözlerini getirdi.

Şeýle-de, ýerli ýaşaýjylar sebitde ýük ulag sürüjileriniň düşleýän kafeleriniň käbirlerinde kalýan hyzmatlaryna ýokary isleg bildirilýändigini aýdýarlar.

Polisiýa işgärleri hojalygynda kalýan çüýşesi tapylan raýatlary uçdan tutma soraga çekýär.

Bir ýaş ýigit kalýan çüýşesini öýünde diňe bezeg hökmünde saklaýandygyny, ony hiç haçan ulanyp görmändigini aýdýar. Muňa garamazdan, özüniň polisiýa bölümine çagyrylyp, sorag edilendigini we dürli haýbatlara sezewar galandygyny gürrüň berýär.

“Çüýşämi yzyna gaýtaryp bermediler. Basylman sypsaň, kaýyl bol diýdiler” diýip, polisiýa tarapyndan soraga çekilen ýaş ýigit gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylaryň birnäçesi suw çilimleriniň adam saglygyna ýetirýän zyýanlary barada habarlylyk kampaniýasynyň ýokdugyny mälim edýärler.

Türkmenistanyň hökümeti 2025-nji ýyla çenli ýurdy temmäkiden saplamagy maksat edinýändigini aýdýar.

Soňky otuz ýylyň dowamynda türkmen jemgyýeti dürli döwürlerde halkyň süňňüne aralaşan neşekeşlik derdinden ejir çekdi. Galyberse-de, synçylar dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň hem-de giň ýaýran işsizligiň arasynda ilat arasynda zyýanly endikleriň saklanyp galýandygyny aýdýarlar.

Türkmen hökümeti ýurtda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden wagyz edilýändigini, sagdyn türkmen jemgyýetiniň kemala gelýändigini gaýtalaýar.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary maýyň ahyrlarynda ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde temmäki önümleriniň bahasynyň gaýtadan gymmatlaýandygyny habar berdi.

Maglumata görä, aprel-maý aýlarynda 55 manat töwereklerinde bahalanan “Kent”, “Esse” we “Milano” ýaly çilimler 85-100 manada çenli gymmatlapdyr.

Türkmenbaşy şäherinde temmäki söwdasy bilen meşgullanýan käbir telekeçiler Aşgabatda çilim söwdasyny dolandyrýan taraplaryň bahalary 30-40 göterim töweregi ýokarlandyrandyklaryny aýdýarlar.

“Çilimiň bahasynyň gymmatlaýandygyna garamazdan, çilim bolçulygy saklanyp galýar. Türkmenbaşydaky “Sanly”, “Bahar” we “Kenar” marketlerinde çilimiň tas islendik görnüşini, şol sanda “gawana” çilimlerini, kalýan şireli temmäkileriň onlarça görnüşini tapmak mümkin” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri 2-nji iýunda habar berdiler.

Balkan welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary hökümet resmileriniň temmäkini azaltmak wadalarynyň kagyz ýüzünde galýandygyny, dükanlardan çilim satyn alýan adamlaryň azalmaýandygyny, soňky wagtlarda ýetginjekleriň, uly klas mekdep okuwçylarynyň arasynda hem çilimkeşligiň köpelýändigini aýdýarlar.

Türkmenistan 2021-nji ýylyň tomsunda elektron çilimleriň söwdasyny gadagan etdi. Şonda Türkmenistanyň Söwda ministrligi we Saglyk ministrligi tarapyndan taýýarlanan degişli resminama Adalat ministrligi tarapyndan hasaba alyndy.

Maglumat üçin aýdylsa, öňümizdäki iki ýylyň dowamynda tutuş ýurdy temmäkiden saplamagy wada berýän türkmen häkimiýetleri 7-nji iýunda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşinde suw we elektron çilimlerine garşy barlyşyksyz göreşmegi maslahat etdi.

Maslahatyň dowamynda özleriniň kalýan çekip düşen suratlaryny sosial ulgamlarda paýlaşandyklaryny aýdýan raýatlaryň, şol sanda ýaş ýigitleriň tobaly çykyşlary görkezildi.

Onlarça raýat kameralaryň öňünde gol gowşuryp, puşman edýän görnüşde görkezildi. Olar öz eden hereketlerini “bidüzgünçilik” atlandyrdy.

Ýöne Döwlet howpsuzlyk geňeşi toba edýän raýatlaryň “etmişini” aýdyňlaşdyrmady. Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi “kalýan, çilim ýa-da elektron çilim” çekilmegini, ýa-da bolmasa şeýle suratlaryň sosial ulgamlarda paýlaşylmagyny “administratiw hukuk bozulmasy” hökmünde ykrar etmeýär. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi hem şeýle hereketleri kanun taýdan gadagan etmeýär.

Muňa garamazdan, döwlet telewideniýesi “kalýan çekip, öz suratlaryny sosial mediada paýlaşan raýatlary” tutuş ýurduň öňünde öz-özlerini ýazgarýan görnüşde görkezdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň öňüsyrasynda, Azatlyk Radiosy geçen hepdeden bäri Aşgabatda kalýan çekip, öz suratlaryny Instagram sosial ulgamynda paýlaşýan raýatlaryň polisiýa tarapyndan soraga çekilýändigini habar berdi.

Geň ýeri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň dowamynda döwlet baştutanyna we ýurduň iň ýokary derejeli howpsuzlyk resmilerine görkezilen wideolarda öz-özlerini ýazgarýan raýatlar öz suratlaryny Instagram ulgamynda paýlaşandyklaryny aýtdylar. Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda ähli sosial torlar, şol sanda Instagram indi ençeme ýyl bäri petikli galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин рассказал об обсуждении благоустройства еще восьми общественных пространств





Москва

Порт пяти морей. В Москве стартовал летней сезон речной навигации


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: Рост обрабатывающих отраслей в Москве демонстрирует 17 процентов



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Татьяна Рязапова

Предложения АИРР поддержала комиссия Госсовета




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Сотрудник ОМОН «Крепость» стал бронзовым призером на соревнованиях Центрального округа Росгвардии по боксу

RU.TV превращает Русскую Музыкальную Премию в Мюзикл

Олимпиада по финансовой грамотности МГУ проходит при поддержке СберСтрахования жизни


Мария Шарапова

Первая ракетка России рассказала об общении с Шараповой



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Симферополь

В Крыму КАМАЗ отомстил водителю за страдания



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России