103news.com
World News in Turkmen
Июнь
2023

Ýaragly güýçlerde gulluk borjuny berjaý edenler harby biletlerini 'satyn almaly' bolýarlar

0
Ýaragly güýçlerde gulluk borjuny berjaý edenler harby biletlerini 'satyn almaly' bolýarlar

Türkmenistanda harby gulluga täze esgerleriň alynýan wagty gulluk borjunyň möhleti gutaran esgerleri goşundan boşatmak möwsümi dowam edýär. Şu günler ýurduň dürli künjeklerinde öýlerine dolanýan ýaşlar göze ilýär. Emma habarçylar we çeşmeler esgerleriň goşundan gaýtmagynda dürli kynçylyklaryň ýüze çykýandygyny habar berýärler.

Şu günler Türkmenabadyň demirýol wokzalynda harby gullugundan boşap gelýän esgerleriň ýüzlerçesini günde görüp bolýar diýip, Lebapdaky habarçymyz, topar bolup, otluly gelýän esgerleriň ýanynda birnäçe ofiseriň bardygyny gürrüň berýär.

"Bu esgerleriň ýanynda hökman iki sany ofiser, olary öz welaýatlaryna öýlerine gaýtarmak üçin otluda ýanlarynda gelýär" diýip, habarçy aýdýar.

Öýlerine gaýdyp gelen esgerleriň ene-atalarynyň aýtmagyna görä, harby gullugyny tamamlan esgerlere öňünden egin-eşik we pul ibermeli. Bir esgeriň goşundan gaýtmagyna degişli çykdajylar ortaça 2-3 müň manada çekýär (Merkezi Bankyň kursy boýunça 571,4 - 857 amerikan dolaryna- red). Şeýle-de, esgeriň öz şahsy zerurlyklaryndan başga-da, harby ýolbaşçylaryna tölemeli çykdajysy bar, şol sanda esgerlere gözegçilik etmek üçin otluda gaýdýan ofisere pul tölemeli bolýar.

"Otluda gelýän wagty [ofiser]esgere 'öýüňe jaň et, ene-ataň şu telefona pul oklasyn diýip talap edýär we öz telefon belgisini berýär. Otluda gelýänçä, bu ofiser esgerlere iýer-içer ýaly nahar aldyrýar. Ofiserler otluda esgerlerden pul talap edip gelýär" diýip, habarçymyz öz söhbetdeşlerini sitirleýär. Onuň sözlerine görä, Türkmenabada gelýänçä esgerleriň harby biletleri ofiserleriň elinde bolýar. Käbir esgerler harby biletini almak üçin ofisere ýene pul bermeli bolýar, ýa-da telefonuna 100 manat oklaýar.

Habarçymyz bilen gürleşen esgerleriň sözlerine görä, harby gulluk möhletini dolduran, emma öýlerine gaýtmaga rugsat almak üçin, özlerinden soralan puly berip bilmedik esgerler köp. Olar gulluk eden harby bölüminde işlemeli bolýarlar.

"Esgerlere harby bölüminde ýörite ýer bölünip berilýär. 'Şol ýeri aklap, bejerip, oňaransoň, seni öýiňe göýberjek' diýýärler. Hiç kim pul bermän we işlemän harby bölümden gaýdyp bilmeýär. Hökmän bir bölek ýer bölünip, berilýär we şony boýap, arassalap berensoň, öýe gaýtmak üçin rugsat berilýär" diýip, söhbetdeşleriň biri gürrüň berdi.

Harby gulluga esger almak we gulluk möhletini dolduran esgerleri goýbermek möwsümi ýylda iki gezek 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli we 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli amala aşyrylýar.

Harby gulluk möhletini tamamlan esgerleriň wagtynda öýlerine goýberilmändigi we gullukda goşmaça wagt saklanmagy bilen bagly ýagdaýlar öňem bolupdy. Gullugy tamamlan esgerleriň we olaryň garyndaşlarynyň Azatlyga gürrüň bermegine görä, harby gullugynyň möhleti gutaran wagtynda öýlerine dolanmak üçin esgerlerden para soralýar, käbirler gurluşyk ýaly işlerini ýerine ýetirmäge borçly edilýär.

2020-nji ýylyň güýzünde korrupsiýa sebäpli ençeme esgeriň gullukdan boşadylmak möhletiniň gijikdirilendigi habar berlipdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary şonda Ahal welaýatynyň Gökdepe şäheriniň we Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň harby bölümlerinde gulluk eden birnäçe ýigit bilen söhbetdeş bolup, soralýan paranyň mukdarynyň 1000-3000 manada ýetýändigini aýdypdylar.

2022-nji iýylyň iýun aýynyň başynda, Türkmenistanyň günortasyndaky serhet goşunlarynda gulluk eden onlarça esgeriň gulluk möhletiniň gutaran wagtynda öýlerine gaýdyp bilmändigi belli boldy. Şonda ýerli resmiler esgerleriň öýlerine goýberilmeginiň uzaga çekilmegini harby häkimiýetleriň demir ýol ulaglaryny wagtynda üpjün etmezligi bilen baglanyşdyrypdyrlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин: Продолжим совместное развитие систем искусственного интеллекта





Москва

«А потом мир погас». Жертва молнии рассказал о боли, которую едва пережил


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин заявил, что за пожарной безопасностью смоленских лесов будут следить с воздуха



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Владимир Высоцкий

Лариса Лужина раскрыла, был ли у нее роман с Владимиром Высоцким




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Сотрудники Росгвардии приняли участие в чемпионате Центрального округа по боксу.

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге об эффективности программ по формированию здорового образа жизни  

На окружном полуфинале конкурса «Это у нас семейное» Калмыкию представляют четыре семьи


Елена Рыбакина

Прямая трансляция первого матча Елены Рыбакиной на турнире в Штутгарте



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге об эффективности программ по формированию здорового образа жизни  



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России