103news.com
World News in Turkmen
Июнь
2023

Maryda güýçli ýel turdy, ilatyň elektrik üpjünçiliginde bökdençlik ýüze çykdy

0

Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitlerinde 8-nji iýunda agşamara güýçli ýel turdy. Mary welaýatynyň Garagum etrabynda elektrik üpjünçiligi kesildi. Güýçli şemal miweli baglara zyýan ýetirdi. Sebitiň administratiw merkezinde býujet işgärleri, jemagat gullugynyň işçileri 9-njy iýunda, günüň birinji ýarymynda, tozanly şemal heniz hem dowam edýän mahaly ýowar geçirdi.

Biraz öň, howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri 7-8-nji iýunda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde güýçli şemalyň öwüsmegine garaşylýandygyny habar berdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary günorta-gündogar sebitlerde 9-njy iýunda howa hadysasynyň heniz hem dowam edýändigini habar berdiler.

Howa maglumatlary neşiri Ahal, Mary we Balkan welaýatlarynda sekuntda tizligi 12-17 metre ýetýän, käbir sebitlerde 19 metre çenli ýetýän şemalyň öwüsmegine garaşylýandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatynyň Garagum etrabynda güýli şemal sebäpli, käbir agaç şahalarynyň döwlendigini, miweli baglara zyýan ýetendigini habar berýär.

“Sähel şemal bolsa, ýagyş ýagsa... Garagum etrabynyň elektrik üpjünçiligi kesilýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Tizligi sekuntda iň köp 19 metre çenli baryp ýeten şemal Mary welaýatynda miweli baglara zyýan ýetirdi, käbir sebitleriň elektrik üpjünçiliginde bökdençlik döretdi.

“Meteožurnal” neşirine görä, 8-9-njy iýunda hem ýurduň käbir sebitlerinde amatsyz howa hadysalary dowam edýär, tozanly şemal öwüsýär. Howa maglumatlary Mary welaýatynda anna güni irden güýçli tozan sebäpli göz bilen görüp bolýan aralygyň, gözýetimiň 300 metre çenli aşaklandygyny habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Mary welaýatynda güýçli tozanyň getiren netijelerini öwrendi, ýerli ýaşaýjylar bilen gürrüňdeş boldy.

“Şu ýyl miweli baglarymyz bol hasyl getirdi diýip, begenipdik, ýöne güýçli şemal baglardaky miweleri ýere gaçyrdy. Irden turup görsek, baglardaky miweler ýere ýazylyp ýatyr” diýip, Garagum etrabynyň bir ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Mary şäheriniň ýaşaýjylary, býujet işgärleri we jemagat gullugynyň işçileri 9-njy iýun güni irden, dowam edýän howa hadysasyna garamazdan, köpçülikleýin arassaçylyk işlerine çekildi.

“Şemal düýn agşam başlady. Bu gün hem dowam edýär. Mary şäherinde ýerleşýän döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalaryň işgärleri öz iş ýerlerinde arassaçylyk işlerine çekildi. Jemagat gullugynyň işgärleri köçeleri ýuwýarlar. Şemal dowam etse-de, hökmany suratda ýowar geçirmeli bolýar” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Tozanly şemal öwüsýän mahaly, käbir sebitlerde elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi bilen, adamlar köplenç öýde boldy.

“Ozalam bir içgysgynç ýurdumyz bar. Elektrik togy kesilensoň, telewizora-da güýmenip bolmaýar” diýip, maryly bir ýaşaýjy tozanly tupandan hem-de elektrik üpjünçiliginiň kesilmeginden zeýrendi.

Türkmenistanda tutuş ýurt boýunça soňky ýyllarda adatdan daşary howa hadysalary, şol sanda gurakçylyk, howanyň wagtal-wagtal aşa yssy ýa-da aşa sowuk bolmagy, çägeli tozan turmagy, güýçli şemal öwüsmegi ýaly hadysalar ýygjamlaşýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 7-nji iýuna geçilen gije dowamly ýagan ýagşyň yz ýany, elektrik üpjünçiliginiň kesilendigini habar berdi.

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýerleşýän dürli etraplarda 7-nji iýunda howanyň gyzyp, 40 gradusdan geçmegi bilen, ilatyň elektrik üpjünçiliginde bökdençlik ýüze çykdy.

Türkmenistanyň sebitlerinde, şol sanda etrap we oba ýerlerinde tapdan düşen durmuş infrastrukturalary ýygy-ýygydan hatardan çykýar, adatdan daşary howa hadysalary ýüze çykanda ilatyň elektrik üpjünçiligi kesilýär.

Hökümet resmileri we döwlet media serişdeleri ýurduň çäginde hasaba alynýan adatdan daşary howa hadysalarynyň fonunda ilatyň elektrik üpjünçiliginiň ýygy-ýygydan kesilýändigini asla agzamaýar.

Şeýle-de, howanyň üýtgemegi bilen bagly tutuş dünýäde dowam edýän aladalaryň arasynda, Türkmenistanyň hökümeti soňky wagtlarda ýurduň çäginde ýygy-ýygydan hasaba alynýan adatdan daşary howa hadysalary barada teswir bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин назначил нового главу Стройкомплекса Москвы





Москва

Более 50 студентов медколледжей прошли практику в Лобне


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин наградил заслуженных учителей и медиков Москвы



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Юрий Лоза

«У меня такого не было»: Лоза предположил, почему зрители ушли с концерта Серова




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Прием заявок на участие в конкурсе на лучшее путешествие по Дальнему Востоку начнется в мае

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге об эффективности программ по формированию здорового образа жизни  

Сотрудники Росгвардии приняли участие в чемпионате Центрального округа по боксу.


Елена Рыбакина

Появилось «закулисное» видео Елены Рыбакиной



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России