Tokaýew Gaza harbylary ibermäge taýýardygyny aýtdy, Akorda diňe synçylary we lukmanlary agzaýar
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 19-njy fewralda Waşingtonda, Parahatçylyk geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda Gazadaky Raýat we harby utgaşdyrma merkezine (Civil and Military Coordination Center) harby bölümleri we synçylary ibermäge taýýardygyny aýtdyi.
Şeýle-de, Tokaýew Parahatçylyk geňeşiniň ýanynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň adyny göterýän ýörite baýragyň döredilmegini teklip etdi.
Akordanyň Tokaýewiň çykyşy barada çap eden resmi habarynda harby bölümleriň iberilmegi barada hiç zat aýdylmaýar. Ol habarda diňe lukmançylyk işgärleri we synçylar agzalýar.
Gazadaky Halkara durnuklaşdyryş güýçleriniň (ISF) serkerdesi, ABŞ-nyň goşun generaly Jasper Jeffers, Gazagystandan başga, Indoneziýanyň, Marokkonyň, Kosowanyň we Albaniýanyň hem harby işgär ibermek borçnamasyny alandygyny habar berdi.
Gazagystanyň kanunlaryna görä, prezident "parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak boýunça halkara borçlaryny ýerine ýetirmek üçin" goşun ulanmak teklibini parlamentiň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisine hödürlemeli.
Mejlisiň we senatyň gün tertibinde Gaza harby ibermek meselesine garalmady.
