BMG ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky ýitileşýän dartgynlylyga alada bildirdi
Waşington bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklaryň barha dartgynlaşýan döwri, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 20-nji maýda özüniň Twitter hasabynda “Eger-de Eýran söweşmek isleýän bolsa, bu Eýranyň resmi ýagdaýda soňy bolar” diýip, ýazgy galdyrdy.
Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bulary ret edip, Eýrana haýbat atmazlygy duýdurdy.
“Biz ýitileşýän söz gapma-garşylygyndan aladalanýarys” diýip, BMG-niň metbugat wekili Stephane Dužarriç (Stephane Dujarric) belledi.
