Türkmenistanyň Ýewraziýanyň ulag ulgamynyň ösüşine goýan maýa goýumlarynyň möçberi şu ýylyň 1-nji iýulyna çenli 5,3 milliard ABŞ dollara ýetdi diýip, “Biznes Türkmenistan” Ýewraziýa ösüş bankyna (ÝÖB) salgylanyp habar berýär.
Habarda aýdylmagyna görä, häzir sebitde jemi 325 taslama amala aşyrylýar, olaryň umumy bahasy 234 milliard dollardan geçýär.
Bu taslamalara Türkmenistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Owganystan, Belarus, Gruziýa, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan ýaly 13 ýurt gatnaşýar. Читать дальше...