Najaf: BTJ geçirijisi arkaly 32 million tonna türkmen nebiti eksport edildi
Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) geçirijisi arkaly häzire çenli jemi 32 million tonna türkmen nebiti dünýä bazarlaryna eksport edildi diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) prezidenti Rowşan Najafyň sözlerine salgylanyp habar berýär.
Najaf bu maglumaty dördünji gün “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly XXVII halkara maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.
Şeýle-de Najaf iki goňşy ýurduň Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod baýlyklaryny bilelikde gözlemek we özleşdirmek baradaky özara düşünişmek ylalaşygynyň özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy.
Resminiň sözlerine görä, Günorta gaz geçelgesi, Hazar deňzinden we Ýakyn Günorta sebitinden Ýewropa gaz getirmek ugurlary boýunça Ýewropa komissiýasynyň başlangyjy bolup, diňe bir Azerbaýjan üçin däl, eýsem sebit ýurtlary üçin hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.
Baku-Tbilisi-Jeýhan geçirijisiniň uzynlygy 1,768 kilometr bolup, onuň Azerbaýjan bölegi 443 kilometre, Gruziýa bölegi 249 kilometre, Türkiýe bölegi 1076 kilometre deň diýip, habarda bellenýär.
Bu geçirijiniň geçirijilik kuwwaty ýylda 50 million tonnadan geçýär.