Добавить новость
103news.com
World News
Сентябрь
2023

Býujet işgärleri teatrlaryň sahna oýunlaryna bilet satyn almaga we tomaşaçy bolmaga mejbur edilýär

0
Balkan welaýatynyň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri sebitiň medeni merkezlerinde we teatrlarynda goýulýan sahna oýunlaryna bilet satyn almaga hem-de tomaşaçy bolmaga mejbur edilýärler. Bu aralykda, paýtagt Aşgabadyň mekdeplerinde Gurjak teatrynyň sahna oýunlary üçin okuwçylardan adam başyna bäş manatdan pul toplanýar.


Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 32 ýyllygy mynasybetli geçirilýän toý dabaralary dowam edýän mahaly, şu günler Balkan welaýatynda býujet işgärleri sebit merkezinde geçirilýän medeni çärelere çekilýärler we sahna oýunlaryna tomaşaçy bolmaga mejbur edilýärler.


Balkanabat şäherinde ýerleşýän Döwlet drama teatrynda sentýabryň başyndan bäri, Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň esasynda sahnalaşdyrylýan aýrybaşga dört sahna oýny goýulýar. Sebitiň medeni çäreleri geçirmäge niýetlenen “Türkmeniň ak öýünde” bolsa, 10-17-nji sentýabr aralygynda Moskwanyň döwlet sirkiniň sungat işgärleriniň çykyşlary goýlupdyr.




Býujet işgärleri Balkan welaýatynyň Döwlet drama teatryndaky oýunlara-da, Balkanabat şäherindäki “Türkmeniň ak öýünde” görkezilen rus sirkiniň çykyşlaryna-da tomaşa etmeli boldular.


“Moskwanyň döwlet sirkiniň işgärleri “Türkmeniň ak öýünde” 10-17-nji sentýabr aralygynda çykyş etdiler. Günüň dowamynda üç gezek çykyş goýdular. Býujet işgärleri adam başyna 60 manatdan bilet satyn alyp, her gün üç çykyşa tomaşa etmeli boldular. Etraplardan her gün müňlerçe tomaşaçy getirildi” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.


Türkmen metbugatyna görä, Moskwanyň döwlet sirkiniň akrobatlary, masgarabazlary, jigitleri we tälim berlen haýwanlary Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde, Türkmenistanyň döwlet sirkinde, Daşoguz, Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynyň «Türkmeniň ak öýi» binalarynda çykyş edip, ýaňy-ýakynda Türkmenistana amala aşyran saparlaryny tamamlady.


Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkan welaýatynda esasan Balkanabat şäheriniň, Türkmenbaşy etrabynyň, Garabogaz şäheriniň hem-de Hazar şäherçesiniň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň medeni çärelere çekilendiklerini habar berdi. Dowam edýän pagta möwsümi sebäpli, Gyzylarbat we Bereket etraplarynyň býujet işgärleri teatrlara tomaşaçy hökmünde kabul edilmedi.


Balkanabat şäherinden bolan bir býujet işgäri, özüniň we kärdeşleriniň “Türkmeniň ak öýünde” ýedi gün dowam eden rus sirkiniň oýunlaryna yzly-yzyna üç gezek bilet satyn almaga we tomaşaçy bolmaga mejbur edilendiklerini gürrüň berdi.


Balkanly bir mekdep mugallymy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde özüniň we kärdeşleriniň sirk oýunlaryna iki gezek tomaşaçy bolmaga mejbur edilendiklerini gürrüň berdi.


Türkmenistanda býujet işgärleri we talyp ýaşlar häli-şindi medeni çärelere mejbury çekilýärler. Türkmen resmileri berk döwlet gözegçiliginde geçirilýän şeýle çärelere gatnaşmakdan ýüz öwürýän adamlary köplenç halatda gorkuzmalara we haýbatlara sezewar edýärler.




“Býujet işgärleriniň konsert diňlemäge, ýa-da sirk görmäge ýagdaýlary ýok. Olaryň aýlyk girdejileri güzeran aýlamaga zordan ýetýär” diýip, balkanly bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Balkanda 17-nji sentýabrda rus sirkiniň çykyşlarynyň tamamlanmagynyň yz ýany, Türkmenistanyň halk artistleriniň we tanymal türkmen aýdymçylarynyň çykyşlaryna badalga berlipdir. Býujet işgärleri özleriniň bu çykyşlara-da mejbury tomaşaçy hökmünde çekilýändiklerini aýdýarlar.


Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtyň umumybilim berilýän orta mekdepleriniň ençemesinde mekdep müdirleriniň dilden görkezmeleri esasynda okuwçylardan Gurjak teatrynyň sahna oýunlaryna niýetlenip, adam başyna bäş manatdan pul serişdeleriniň toplanylýandygyny habar berýär.


Azatlyk Radiosy Balkan welaýatynda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň sahna oýunlaryna tomaşaçy bolmaga mejbur edilmegi barada sebit häkimliginden teswir alyp bilmedi. Şol bir wagtda, Aşgabadyň mekdeplerinde teatr sahnalaryna niýetlenilip, okuwçylardan toplanýan pul serişdeleri barada Şäher bilim bölüminden teswir almak synanyşygymyz netije bermedi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.






Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России