Добавить новость
103news.com
World News
Март
2025

Eýran aýal bagşylara garşy basyp ýatyrmalary güýçlendirýär

0

Eýran aýal aýdymçylary sem etmek tagallalarynyň çäklerinde olara garşy basyp ýatyrmalary güýçlendirýär. Birnäçe aýal aýdymçy soňky hepdelerde häkimiýetler tarapyndan çagyrylyp saklandy we olaryň Instagram sahypalary ýapyldy.

1979-njy ýylda bolup geçen rewolýusiýadan bäri, Eýranda aýallara jemgyýetçiligiň öňünde ýekelikde aýdym aýtmak gadagan edilýär. Ýöne şeýle çäklendirmelere garamazdan, ençeme sungat işgäri, hem şeýle gadagançylyga, hem-de ýurduň berk hijap kanunlaryna garşy gidip, öz seslerini eşitdirmek üçin sosial mediada çykyş edip gelýärler.

Şolaryň hatarynda özüniň Instagram hasaby Eýranyň Kiber polisiýasy tarapyndan gadagan edilen Golsa Rahimzamani hem bar. Beýleki bir aýdymçynyň, Reýhanunyň hem sahypasy aýryldy, aýçymçy we aýdym mugallymasy bolan Bita Hajisadegian Yspyhanda häkimiýetler tarapyndan çagyryldy we “jemgyýetçiligiň mertebesine zyýan ýetirmekde hem-de biabraý iş etmekde” aýyplandy.

Aýdymçy Hiwa Seýfzadeh fewralda çykyşyň ortasynda tussag edildi, şonda raýat eşikli adamlar zala kürsäp girip, ony alyp gitdiler. Ol soňra boşadyldy, ýöne onuň hem sosial media hasaplary ýapyldy.

Awgust aýynyň ahyrlarynda aýdymçy Zara Esmaili jemgyýetçiligiň öňünde ýerine ýetiren çykyşlarynyň wideolary, şol sanda Emi Waýnhausyň “Back To Black” aýdymyny ýerine ýetiren wideosy Internet ulgamynda giňden paýlaşylandan soňra tussag edildi. Onuň häzirki wagtda nirede bolandygy bilinmeýär.

Dekabr aýynda aýdymçy Parastu Ahmadi başyny açyp, köýnekli, bir erkek sazanda bilen bilelikde aýdym ýazgy edenden soňra, halk arasynda güýçli reaksiýa döretdi. YouTube ulgamyna ýüklenen wideo tiz wagtda giňden paýlaşylýan wideolaryň birine öwrüldi. Onuň aýal bagşylara girizilen gadaganlyga, hem-de Eýranyň hökmany hijap kanunlaryna garşy çykmagy köpçülik tarapyndan magtaldy. Häkimiýetler bu çäräni “bikanun konsert” atlandyryp, aýdymçyny hem-de onuň topardaşlaryny gysga wagtlyk tussag etdiler we olara garşy iş gozgadylar.

Şeýle basyp ýatyrmalar köp adam tarapyndan, şol sanda din wekilleri tarapyndan tankytlara uçraýar.

Reformalara tarapdar bolan din wekili Mohammad Tagy Fazeli Meýbodi Kom şäherinde aýallara aýdym aýtmagyň gadagan edilmeginiň dini düşündirişiniň ýokadugyny aýdyp, basyp ýatyrmalary tankyt etdi.

Eýranly estrada ýyldyzy, öz karýerasynda ýaňy bir belentliklere göterilýän pursatlarynda aýdym ýerine ýetirmekden mahrum edilen Guguş hem goldaw beýan etdi.

“Bu taryhy pursatdyr, geljek nesiller bular barada gürrüň ederler” diýip, ol dekabr aýynda Farda Radiosyna gürrüň berdi. “Has köp aýal sahna çykar – yza ýol ýok” diýip, ol belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России