Добавить новость
103news.com
World News
Март
2025

Halkara metbugat instituty Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň goragynda çykyş etdi

0

Prezident Donald Tampyň ýedi hökümet agentliginiň, şol sanda ABŞ-nyň Global Media Agentliginiň işini çäklendirmek boýunça gol çeken kararynyň yz ýany, Halkara metbugat instituty (IPI) duşenbe güni Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR) hem-de ýapylmak howpy abanýan beýleki media serişdeleriniň goragynda çykyş etdi. Media agentligi halkara ýaýlym işlerine gözegçilik edýär we Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy, Amerikanyň sesi, Azat Aziýa Radiosy, Kuba hem-de Latyn Amerikasyna ýaýlym berýän Radio Marti hem-de Ýakyn Gündogar ýaýlym tory (MBN) media serişdelerini dolandyrýar.

Halkara metbugat instituty Tramp administrasiýasynyň kararyny ýazgardy hem-de täsirlenen media guramalarynyň azyndan üçüsiniň – Amerikanyň sesi, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy, Azat Aziýa Radiosy – awtoritar režimler bilen dolandyrylýan ýurtlar üçin möhüm habar çeşmeleri bolandygyny nygtady.

Azat Aziýa Radiosynyň prezidenti Beý Fan Trampyň kararyny “diktatorlar we despotlar üçin sowgat” atlandyrdy, Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň prezidenti Stiwen Kapus, eger ABŞ-nyň halkara media serişdeleriniň ýaýlymlary togtadylsa, “eýranly aýatullalar, hytaýly kommunist liderler hem-de Moskwadaky we Minskdäki awtokratlar 75-nji ýyl dönüminiň bosagasynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň ölümini gutlarlar. Biziň garşydaşlarymyzyň ýeňşi olary kuwwatlandyrar, Amerikany ejizleder” diýdi.

Halkara metbugat instituty ABŞ hökümetini öz kararyndan el çekmäge hem-de özüniň media guramalaryny we olardaky işgärleri goramaga çagyrdy.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy duşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň Azatlyk Radiosynyň işini öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmek meselesine seredip biljekdigini, Ýöne Ýewropanyň bu meseläni “awtomatik” görnüşde çözmegi wada berip bilmeýändigini aýtdy.

Çehiýanyň Daşary işler ministri Lipan Lipawskiý ýekşenbe güni Azatlyk Radiosynyň we "Amerikanyň sesiniň" işine ýokary baha berdi we olary awtoritar dolandyryş astynda ýaşaýan adamlar üçin "ýol görkeziji" diýip atlandyrdy. Ol ýewropa ýurtlaryny Azatlyk Radiosynyň işini dowam etdirip bilmegi üçin maliýe serişdeleri bilen üpjün etmäge çagyrdy.

Polşanyň Daşary işler ministri Radoslaw Sikorski Azatlyk Radiosyny hem-de beýleki media serişdelerini maliýeleşdirmegiň bir usulynyň Ýewropanyň Demokratiýa gaznasynyň býujetini artdyrmak arkaly bolup biljekdigini aýtdy. “Bular missiýalary dowam etdirilmeli gymmatly institutlardyr” diýip, Sikorski nygtady.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России