Добавить новость
103news.com
World News
Июль
2025

Eýranyň baş diplomaty ýadro gepleşikleriniň tiz wagtda gaýtadan başlanmagyna garaşmaýandygyny aýtdy

0

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi ABŞ bilen Tähranyň ýadro programmasy boýunça gepleşikleriň tiz wagtda täzeden başlanmagyna garaşmaýandygyny aýtdy. Bu beýanat ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň şu hepde Tähran bilen gepleşikleriň täzeden başlanjakdygy baradaky öňki beýanatyndan yza çekilip, häzirki wagtda Eýran bilen gepleşik geçirmeýändigini aýtmagynyň yzýany edildi.

30-njy iýunda efire berlen interwýusynda Aragçiden Trampyň geçen hepde Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşikleriň tiz wagtda başlanjakdygy baradaky aýdanlaryna pikirleri soraldy.

“Gepleşikleriň bu çaltlyk bilen täzeden başlanjakdygyna ynanmaýaryn” diýip, Eýranyň daşary işler ministri ABŞ-nyň CBS telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.

“Biz gepleşiklere täzeden başlamak kararyna gelmezden öň, Amerikanyň gepleşikleriň dowam edýän mahaly bize garşy harby hüjüm etmejekdigine doly göz ýetirmelidiris” diýip, ol sözüne goşdy.

Ol ähli meseleleriň seljerilmegi üçin has köp wagta zerurlygyň bardygyny aýdyp, “diplomatiýanyň gapylary hiç wagt doly ýapylmaýar” diýip belledi.

ABŞ bilen Eýran arasynda Tähranyň ýadro programmasy boýunça bäş tapgyrda göni däl gepleşikler geçirilipdi. Emma 15-nji iýunda Omanyň paýtagty Maskatda geçirilmegi göz öňünde tutulan ABŞ-Eýran gepleşikleriniň nobatdaky tapgyry, Ysraýylyň 13-nji iýunda Eýrana garşy başlan harby hüjüminden soň ýatyryldy.

ABŞ 22-nji iýunda Ysraýylyň hüjümine goşulyp, Eýranyň Fordow, Natanz we Isfihan şäherindäki esasy üç ýadro desgasyna howa zarbalaryny amala aşyrdy. Fordow desgasy ýörite goralan ýerasty toplumdyr.

Aragçiniň interwýusynda ondan BMG-niň ýadro gözegçiligi boýunça edarasynyň ýolbaşçysynyň Eýranyň ýakyn birnäçe aýyň dowamynda urany baýlaşdyrmak işine täzeden başlamagynyň ähtimaldygy baradaky bellikleri hem soraldy.

“Baýlaşdyrma tehnologiýasyny we ylym-bilimi bombalar bilen ýok edip bolmaýar” diýip, ol aýtdy.

Eger Eýran muny islese, ýurt “salnan zyýanyň we ýitirilen wagtyň öwezini tiz wagtda dolmaga ukyply bolar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Tramp 30-njy iýunda özüniň Truth Social platformasynda ýerleşdiren ýazgysynda: “Men Eýrana hiç zat teklip etmeýärin… olar bilen gepleşik hem geçirmeýärin, sebäbi biz olaryň ýadro desgalaryny doly ýok etdik” diýip ýazdy.

30-njy iýunda Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Esmaýil Bakaýi Trampyň administrasiýasyny pozisiýalary ýygy-ýygydan üýtgetmekde aýyplady.

Eýran bilen Ysraýylyň arasynda 12 gün dowam eden uruş döwründe Eýranyň ýadro programmasyna ýetirilen zyýanyň möçberi heniz doly belli däl. Eýran ýadro desgalarynyň agyr şikes alandygyny aýdýar, ýöne programmasyny dowam etdirjekdigini we onuň parahatçylyk maksatlydygyny öňe sürýär.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России