Добавить новость
103news.com
World News
Август
2025

ABŞ-Türkmenistan ýyllyk ikitaraplaýyn geňeşmelerini geçirdi

0

Birleşen Ştatlar we Türkmenistan Waşingtonda ABŞ-Türkmenistan ýyllyk ikitaraplaýyn geňeşmeleriň on birinji tapgyryny üstünlikli geçirdi diýip, Döwlet departamentiniň 20-nji awgustda çap eden beýanatynda aýdylýar.

Geňeşlere Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Mark Pommersheim ýolbaşçylyk etdi.

Meredow we Pommersheim özleriniň ABŞ-Türkmenistan gatnaşyklaryny ösdürmek, şol sanda howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny, ykdysady we maýa goýum mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, dini azatlygy ilerletmek we C5 + 1 diplomatik platformasy arkaly guralýan gatnaşygy çuňlaşdyrmak babatynda ygrarlydyklaryny nygtadylar.

Birleşen Ştatlar we Türkmenistan ABŞ-nyň esasy kompaniýalary bilen ikitaraplaýyn işewürlik ylalaşyklaryny goldamak we Türkmenistanda maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek meselesini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Birleşen Ştatlar Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasy bilen eden ilerlemesini ykar edip, hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge çagyrdy.

Şeýle-de, delegasiýa dini azatlyk barada pikir alyşdy. Birleşen Ştatlar Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we sebitleýin howpsuzlyk meselelerinde mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk etmegine çagyrdy. Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary Pommersheim dialogy Türkmenistanyň özygtyýarlylygyna, garaşsyzlygyna we territorial bitewiligine berk goldaw berilýändigini aýtmak bilen jemledi.

Türkmen metbugatynyň Marko Rubionyň social ulgamdaky hasabyna salgylanyp ýazmagyna görä, Meredow şol gün ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio bilen hem duşuşdy.

Amerikan tarapy Türkmenistan bilen ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň ilerledilmegine, şeýle hem “C5+1” diplomatik formatynyň çäginde sebitleýin goşulyşmagyň ösdürilmegine ygrarlydygyny tassyklady diýip, Marko Rubio özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России