Добавить новость
103news.com
World News
Август
2025

Türkmenabadyň agyz suw desgasynda näsazlyk ýüze çykdy, şäher ilatynyň suw üpjünçiligi kesildi

0

Türkmenabat şäher suw arassalaýjy desgasynda 22-nji awgustda ýüze çykan näsazlyk şäherde suw üpjünçiliginiň kesilmegine sebäp boldy, ýerli ýaşaýjylaryň gündelik durmuşy bökdeldi diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki çeşmeleri habar berýär.

“Şäherde suw üpjünçiligi kesilensoň, agyz suwuny satyn almaly bolýarys, hojalyk suwlarynyň üpjünçiligini bolsa, ýaplardan akýan suw bilen gidermäge çalyşýarys” diýip, birnäçe şäher ýaşaýjysy 23-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjylar suw üpjünçiliginde emele gelen bökdençligiň iki gün bäri dowam edýändigini aýdýarlar.

Tomsuň yssysynda suwsuzlykdan ejir çekýän türkmenabatlylar bu mesele boýunça özleriniň suw üpjünçilik edarasyndan maglumat almak synanyşyklarynyň netije bermeýändigini aýdýarlar.

'Lapykeçlik'“Suw desgasy telefon jaňlaryna jogap bermeýär. Şäher we welaýat häkimliklerine jaň etdik, olar hem gödek jogap berip, adamlaryň lapyny keç edýär” diýip, bir türkmenabatly Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenabat şäher häkimliginiň jemagat hojalygy bölümindäki bir çeşme geçen hepdäniň ahyrynda suw arassalaýjy desgada käbir turbalaryň ýarylandygyny aýdýar.

“Desganyň çäginde ýerleşýän birnäçe turba ýaryldy. Bu ýagdaý çözülýänçä tutuş şäheriň suw üpjünçiligini kesdiler” diýip, jemagat hojalygy müdirligindäki çeşme aýdýar.

Bu desga “Lebapwelaýatagyzsuw” birleşigine degişli bolup, ýerli neşirler, geçen ýyl onda meýilnamalaryň artygy bilen ýerine ýetirilendigini habar berdiler.

Ýöne geçen ýylyň tomsunda bir ýerli himiýa hünärmeni barlaghana netijelerine salgylanyp, bu desgada öndürilýän suwuň hiliniň pes, talhylygynyň ýokary bolandygyny habar berdi.

Şonda ol, barlag netijeleriniň suw arassalaýjy desgadaky problemalara yşarat edýändigini, arassalaýjy enjamlaryň takyk sazlanmandygyny, ýa-da bu enjamlarda problemalaryň bardygyny görkezýändigini duýdurypdy.

Geçen hepdäniň ahyrlarynda önümçilik kärhanasynda ýüze çykan näsazlykdan soňra Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan beýleki bir suw hünärmeni desgadaky arassalaýjy filtrleriň sandan çykandygyny gürrüň berdi.

“Önümçilik prosesiniň dowamynda suw nusgalarynyň barlag işleri ýerlikli geçirilmändir. Munuň netijesinde, turbalar we filtrler sandan çykypdyr” diýip, hünärmen aýtdy. Ol öňden bäri dowam edýän şeýle problemalaryň turbalaryň ýarylmagyna ýol açandygyny belläp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenabat şäheriniň birnäçe ýaşaýjysy suw üpjünçiliginiň haçan ýola goýuljakdygy barada özleriniň şäher häkimliginden telefon arkaly maglumat almak synanyşyklarynyň netije bermändigini, üstesine telefon jaňynyň dowamynda özlerine gödek daraşylandygyny aýdýarlar.

'Nägilelik'“Siz elmydama nägile, içimlik suwuňyzy dükanlardan satyn alyp içiň” diýip, bize gödek jogap berdiler” diýip, bir şäher ýaşaýjysy gatyrgandy.

Yssy howada suwsuz galan ýaşaýjylaryň käbirleri suw üpjünçiligi barada özleriniň haýsy edara jaň edip, maglumat almalydygyny bilmändiklerini, şonuň üçin şäheriň Maglumat gullugyna jaň edip, suw üpjünçilik edaralarynyň telefon belgilerini sorandyklaryny gürrüň berýärler.

“Biz suw üpjünçilik edaralarynyň telefon belgilerini sorap maglumat bölüminiň işgärlerine, 071-e jaň edenimizde olar ‘telefon jaňlaryna jogap bermeýän bolsalar, jaň etmäň’ diýip, jogap berdiler" diýip, bir türkmenabatly aýdýar.

“Lebapwelaýatagyzsuw” birleşigi geçen ýylyň dokuz aýynda Türkmenabat şäher suw arassalaýjy desgasynda 15,5 million kub metrden gowrak agyz suwunyň öndürilendigini habar berdi. Maglumata görä, bu desganyň önümçilik kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr suw arassalamaga niýetlenipdir.

Agyz suw desgasy şäher ilatyny şeýle-de, Çärjew etrabynyň administratiw merkeze golaý bolan 16 sany ilatly nokadyny içimlik suw bilen üpjün edýär.

Ýerli neşirlere görä, Çärjew etrabynda bir gije-gündiziň dowamynda 30 müň kub metr agyz suwuny çykarmaga niýetlenen başga-da bir agyz suw desgasy bolup, bu kärhanada öndürilen suw Çärjew etrabynyň ilatyna niýetlenýär.

Azatlyk Radiosy Türkmenabat şäherinde emele gelen suw ýetmezçiligi barada şäher we welaýat häkimliklerinden resmi teswir alyp bilmeýär. Bu mesele boýunça “Lebapwelaýatagyzsuw” birleşiginden goşmaça maglumat almak synanyşygymyz hem netije bermeýär.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde, hususan-da, tomus aýlarynda suw üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly wakalar ýygy-ýygydan gaýtalanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýäri







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России