Добавить новость
103news.com
World News
Октябрь
2025

Mekdeplerde okuwçylaryň bir-birine azar berýän ýagdaýlary köpelýär

0

Türkmenistanyň mekdeplerinde soňky döwürde güýçlenen problemalaryň biri okuwçylara öz boýdaşlary tarapyndan azar berilmegi bilen bagly. Azatlygyň habarçylary şeýle ýagdaýlaryň barha köpelýändigini, çagalaryň bilimine, saglygyna agyr zarba urup, geljegine howp döredýändigini habar berýärler.

"Güyçli, pully okuwçylar ejiz okuwçylara azar berip, olary urýarlar ýa-da pullaryny alýarlar. Çagany gorkuzyp, talaban edip saklaýarlar. Bu ýagdaýa has hem şäher mekdeplerinde pully ene-atalaryň çagalarynyň okaýan mekdeplerinde kän gabat gelse bolyar" diýip, bilim işgäri gürrüň berdi.

Türkmenistanly çeşmeleriň sözlerine görä, boýdaşlaryna azar bermek, şol sanda fiziki basyş etmek, ýakalaşmak ýaly ýagdaýlar diňe bir oglan çagalaryň arasynda däl, eýsem gyzlaryň arasynda hem köpelipdir.

"Şäher mekdeplerinde gyzlar gyzlary urup, oglanlar bir oglanyň daşyna geçip, urýarlar. Iň erbet ýeri urulýan çagalar öýlerine baryp, öz urulýandygyny aýdyp bilmeýärler" diýip, bilim işgäri aýdýar.

Mekdep okuwçylarynyň, aýratynam ýetginjekleriň arasyndaky rehimsizligiň we zulumkeşligiň öňden bäri bolýan ýagdaýdygyny belläp türkmenistanlylar, ýagdaýyň soňky wagt gitdigiçe agyrlaşýandygyna ünsi çekýärler.

"Okuwda özüňden maddy taýdan has pes ýagdaýly çagany kemsitmek kada öwrüldi. Belli bir okuwçylar tarapyndan gorkuzylýan çaga klasdaşlary tarapyndan ýazgarylýar, onuň oturýan ýerine hapa döküp, ýa-da üstüne kagyz zyňyp, ýekesiredýärler we tutuş klasy şol çaga bilen gatnaşmaz ýaly edýärler. Bu bolýan wakalara mugallymlar hem çäre görüp bilmeýär" diýip, bilim işgäri gürrüň berdi.

Intim surat bilen şantažMekdeplerde şu günki gün köp duş gelýän problemalaryň ýene biri okuwçylaryň bir birini intim suratlar bilen şantaž etmek hyýanatçylygy bilen bagly.

Habarçylara mälim bolan ýagdaýlaryň biri Ahal welaýatynyň mekdepleriniň birinde ýüze çykypdyr. Mekdebi ýakynda gutaran ýigit 12-nji klas okuwçy gyza ony halaýandygyny duýduryp, onuň bilen gatnaşyk gurup, suratyny edinýär we pul talap edip başlaýar.

"Oglan internet üsti bilen habarlaşyp, ilki gyzy söýýändigini aýdýar, soňra ol gyza eger söýýän bolsaň maňa suratlaryňy ugrat diýýär. Soňra söýgiňi subut et diýip gyza ýalaňaç düşen suratlaryňy ugrat diýip başlaýar. Gyz oglanyň ýalan sözlerine aldanyp, intim suratlaryny ugradýar. Ol oglan gyzy şantaž edip başlaýar. Suratlaryňy internetde goýjak telefonyma pul sal diýip, gorkuzýar. Soňra şantažçy oglan has köp pul sorap başlaýar" diýip, ýagdaý barada gürrüň beren çeşmä görä, bu şantaž gyzyň ejesine mälim bolandan soň tamamlanypdyr.

Gyz ýagdaýy ejesine gürrüň beripdir, ejesi şol oglanyň öýüne baryp, polisiýa ýüz tutjakdygyny duýdurypdyr.

Azatlygyň habarçylaryna mälim bolan hadysalaryň ýene biri pajygaly ýagdaýa alyp barypdyr. Mekdebi gutardyş klasyň okuwçylary jynsy gatnaşykda bolup, oglan muny telefona gizlin ýazgy edipdir we telefondan telefona ýaýradypdyr. Bu, gyzyň öz janyna kast etmegine sebäp bolupdyr.

Azatlyk Radiosy agzalan ýagdaýlara degişli şahsyýetleriň atlaryny agzamakdan saklanýar.

Üns berilmeli mesele Azatlyk bilen gürleşen türkmenistanlylar çagalaryň terbiýesine hem öýde, hem-de mekdepde ählitaraplaýyn ünsi artdyrmagyň zerurdygyny belleýärler.

"Mekdeplerde ene-atalar öz çagalaryna seresaply bolmagy internet ulgamynda ýerleşdirýän öz suratlaryny saýlamagy, ýalaňaç suratlaryny goýmaly däldigini düşündirmeli. Çagalaryň öz problemalaryny ene-atasyna gorkman aýtmagyny öwretmeli, ene-atalar bolsa öz çagalaryny ýazgarman, islendik ýagdaýda diňlemegi başarmaly" diýip, pedagog aýdýar.

Habarçylaryň bellemegine görä, şäherlere garanda oba ýerlerinde çagalaryň arasyndaky zulum az duş gelýär. "Oba ýaşaýjylary biri birini tanaýar şonuň üçin mekdeplerde okuwçylaryň arasynda azar bermek seýrek bolýar" diýip habarçy belleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России