Добавить новость
103news.com
World News
Октябрь
2025

Türkmenistan ABŞ-a TOPH taslamasyny goldandygy üçin minnetdarlyk bildirýär

0

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyny goldandygy üçin minnetdarlyk bildirdi diýip, TDH 21-nji oktýabrda habar berdi.

Berdimuhamedow 20-nji oktýabrda Owganystana baryp, TOPH gaz geçiriji taslamasynyň owgan böleginiň, Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.

“Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasyny ilkinji bolup goldan döwletleriň biri hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklar ýokary derejede ösdürildi” diýip, Berdimuhamedow Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna badalga berlende eden çykyşynda aýtdy.

Şeýle-de, ol belli amerikan kompaniýalarynyň köpden bäri Türkmenistanda uly işleri durmuşa geçirýändigini aýdyp, «Boeing», «Case New Holland», «John Deere», «Caterpillar», «General Electriс», «Sikorsky», «Nicklaus Design» kompaniýalaryny agzady.

Şeýle-de, ol TOPH gaz geçiriji taslamasynyň maslahatçysy bolup çykyş edýän «Brownstein» kompaniýasynyň goşandyny belledi. Onuň tassyklamagyna görä, «Brownstein» kompaniýasy bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmekde öz gymmatly, peýdaly maslahatlaryny berýär.

Türkmenistan uzynlygy 1800 km çemesi boljak geçirijiniň üsti bilen ýylda 30 milliard kub metrden gowrak gaz serişdesini Günorta Aziýa ýurtlaryna ibermegi maksat edinýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России