Добавить новость
103news.com
World News
Январь
2026
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Balkanyň kärhanalarynda işgärler işden çykýar, ýolbaşçylar aýlyklaryň ýokarlanmajagyny boýun alýar

0

Balkan welaýatynyň döwlete degişli kärhanalarynda işgärleriň köpçülikleýin işden çykmagy bilen bagly ýagd ýagdaýlar ýene köpeldi. Azatlygyň ýerli habarçylary býujetden aýlyk alýan işgärleriň meýletini işden çekilmegine zähmet haklarynyň pesligi, gijikdirilmegi ýaly sebäplere aýlyklaryň indi ýokarlanmajagy hem goşulypdyr.

"Şu ýylyň başyndan Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän kärhanasynyň işgärleri köpçülikleýin işden öz islegleri boýunça çykyp başlady" diýip, çeşme aýtdy.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän kärhanalardaky ýagdaýdan habarly birnäçe çeşmäniň Azatlyk Radiosyna anonimlik şertinde gürrüň bermegine görä, işgärleriň işden çykmagy bilen bagly ýagdaýlar öňem bolup, iş şertleriniň agyrlygy we zähmet haklarynyň azlygy adamlary başga gazanç mümkinçiliklerini gözlemäge mejbur edipdir. Emma häzir işgärleriň işden çykmak kararyna zähmet haklarynyň şu ýylyň başyndan ýokarlanmandygy itergi beripdir.

"Kärhanalaryň ýolbaşçylary täze ýyldan aýlyklaryňyzy on göterim ýokarlandyrarys diýip, geçen ýyl wada beripdi. Işçiler muňa ynanyp, garaşyp geldiler" diýip, çeşme aýdýar.

Onuň sözlerine görä, kärhanalaryň ýolbaşçylary alyklaryň ýokarlanmajagyny indi açyk aýdýarlar.

"Kärhananyň ýolbaşçysy aýlyklary galdyryp bilmejegine doly göz ýetirip, kärhananyň işçilerini ýygnap, 'elli gepden belli gep', kärhananyň çykdajylary köp, girdejisi az diýdi we aýlyklary götermäge maliýe mümkinçiliginiň ýokdugyny boýun aldy. Işgärler ýagdaýa göz ýetirip, köpçülikleýin arza ýazyp gidýärler" diýip, çeşme gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy çeşmeleriniň agzan kärhanalaryndan resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda aýlyk haklary, pensiýalar, kömek pullary we stipendiýalar prezidentiň permany bilen her ýyl 10% ýokarlandyrylýardy. Bu perman her ýyl iýulda resmi taýdan yglan edilip, täze ýylyň başyndan işe girizilýärdi. Emma 2026-njy ýylda aýlyklaryň ýokarlanjagy barada geçen ýylyň tomsunda yglan edilmedi.

Dekabryň başynda Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň habar bermegine görä, Balkan welaýatynyň edara-kärhanalaryna aýlyklary, pensiýalary, kömek pullaryny 10% ýokarlandyrmagy bes etmek barada habarnama paýlanypdyr. Emma bu ýagdaý resmiler we döwlet mediasy tarapyndan agzalmady.

Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanyň hökümeti ýurduň ykdysadyýetiniň ösýändigini yglan edýär, emma ilat köpçüliginiň durmuş derejesi pes bolup, býujetden aýlyk alýan raýatlar zähmet haklarynyň hatda esasy durmuş zerurlyklaryna-da ýetmeýändigini aýdýarlar.

Ýurtda ortaça aýlyk 2025-nji ýylda 1500 manat töwereginde boldy. Resmi taýdan iň pes aýlygyň 1280 manatdygy aýdyldy, bu Merkezi Bankyň kursy boýunça 428,5 amerikan dollaryna, gara bazaryň kursy boýunça 64 amerikan dollaryna barabar.

Türkmenistanlylaryň ençemesi hakyky girdejileriniň köplenç resmi sanlardan aşa pesdigini we daşary ýurt walýutasynyň resmi hem gara bazar nyrhlaryndaky ägirt uly tapawudyň girdejileriň hümmetini gaçyrýandygyny belleýärler.

Türkmenistanyň önümçilik kärhanalarynda, şol sanda nebit önümçiliginde işleýän birnäçe çeşme hut walýuta çalşygyndaky çäklendirmeleri we hökümetiň resmi kursy üýtgewsiz saklap, gara bazaryň döremegini kärhanalaryň işiniň netijesizligine sebäpleriň arasynda görkezdiler.

"Türkmenistanda ähli pudaklarda kärhanalaryň özüni ödemezden, öndürýän önüminiň çykdajyly bolmagyna, kärhanalaryň çüpremegine milli puluň hümmetsizlenmegi we Merkezi Bankynyň resmi walýuta kursuny saklap galmagy sebäp bolýar" diýip, anonimlik şertinde gepleşen türkmenistanly ykdysatçy muny şeýle düşündirdi:

"Kärhanalarda önüm öndürýän ähli enjamlar daşary ýurtlarda öndürilýär, olaryň hatardan çykan böleklerini, ätiýaçlyk şaýlaryny ýene-de daşary ýurtdan satyn almaly bolýar we bu walýuta serişdelerine bagly bolýar. Olary satyn almak üçin walýuta çalşygyna wagtynda ýokardan rugsat berilmese, kärhanalaryň işi durýar, önümçilik togtap, edaranyň girdejisi azalýar, işçilere aýlyk berilmeýär".

Ýurduň býujetden aýlyk aýlan edaralarynda işgärleriň aýlyklary ýygy-ýygydan gijikdirilýär. Dekabr aýynda Ahal welaýatynda işgärleriň aýlyklary wagtynda berilmändi. Şeýle ýagdaýlar sebäpli ilat arasynda işden çykyp, daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gitmek ugrunda islegler artýar. Bu ýagdaý ýurduň içindäki agyr işsizligiň dowam edýän wagtynda ýüze çykýar.

Türkmen hökümeti işsizlik, migrasiýa we ilatyň durmuş derejesini görkezýän beýleki resmi sanlary onlarça ýyl bäri çap etmeýär. Sosial-ykdysady kynçylyklar döwlet mediasynyň maglumatlarynda hem düýpden agzalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России