Türkmen-Özbek döwletara gatnaşyklarynda näme üçin açyklyk az?
Bu sorag Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewiň 17-nji ýanwarda türkmen wizasyny almakdaky kynçylyklara salgylanyp, ýurduň işewür jemgyýetiniň Türkmenistan bilen aradaky iş gatnaşyklaryna döredilýän emeli päsgelçilikler barada mesele gozgan wagtynyň yz ýanyndan berilýär.
33 ýyllyk gatnaşyklar 'çylşyrymly, syýasy wakalara baý boldy'Azatlygyň habarçylary 7-nji fewralda bellenjek sene mynasybetli ýerli synçylar, ýaşaýjylar bilen gürleşip, olardan iki duldegşir goňşynyň arasynda geçen 33 ýylda amala aşyrylan we amala aşyrylmadyk işler, çynlakaý özara ynanyşmagyň ýola goýulmazlygynyň düýp sebäpleri barada edýän pikirlerini soradylar.
Synçylaryň aýtmaklaryna görä, geçen 33 ýylyň dowamynda türkmen-özbek gatnaşyklary örän çylşyrymly syýasy wakalara baý boldy.
Iki ýurduň gatnaşyklarynda käte az-kem maýylganlyk dörese, käte dartgynlylyk ýüze çykýardy diýip, söhbetdeşlerimiz 1993-1999-njy ýyllary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda "iň ösen, iň maýylgan" döwür hökmünde suratlandyrdylar.
Olaryň sözlerine görä, geçen asyryň soňky on ýyllygynda iki täze dörän garaşsyz döwletiň arasynda sowetler zamanyndan galan özara işdeşlik, medeni gatnaşyklar, ykdysady we syýasy hyzmatdaşlyk bardy.
"Türkmen-özbek gatnaşyklary 1995-96-njy ýyllara çenli ösdürilýärdi, özara kärhanalar, ykdysady proýektler durmuşa geçirilýärdi, 1996-1999-njy ýyllarda bu gatnaşyklar kem-kemden pese gaçyp ugrady, muňa Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýapyklyk we üzňelik syýasaty, onuň eksentrik we köp halatlarda ekzotik şahsyýet kultunyň döremegi we ösmegi sebäp boldy” diýip, synçy aýtdy.
Ýöne synçy, Nyýazowyň barha berkidilýän şahsyýet kultuna garamazdan, 1995-1996-njy ýyllara çenli özara gatnaşyklardaky maýylganlygyň azda-kände saklanandygyny belledi.
Esasy päsgelçilik wiza düzgüninden başlandyŞol döwürdädki gatnaşyklaryň iň möhüm tarapy bolsa, söhbetdeşlerimiziň köpüsiniň pikirine görä, Türkmenistandaky özbekler bilen Özbegistandaky türkmenleriň öz ata watanlaryna wizasyz baryp-gelip bilmegi bilen baglydy.
“...iki ýurduň arasynda otly, awtobus we uçar gatnawlar bardy. Türkmenistanyň özbek azlyklary şol wagt eýýäm möwç alyp başlan türkmenleşdirmeden häzirkisine garanda ep-esli az täsire sezewar bolýardy" diýip, ýurduň ykdysady pudagynda işlän pensioner hünärmen habarçymyz bilen anonim söhbetdeşlikde aýtdy.
Ýerli ýaşaýjylaryň köpüsiniň pikirine görä, 1990-njy ýyllar, hususan-da 90-njy ýyllaryň birinji ýarymy türkmen-özbek maşgalalarynyň has köp gurlan wagty hökmünde taryha girdi.
"Garaşsyzlygyň ilkinji 5-6 ýylynda türkmen we özbek halklarynyň arasynda özara gyz alyp-gyz bermek has ýörgünlidi. Buharaly, hywaly, garşyly, nöküsli gelinler Lebapda we Daşoguzda seýrek ýagdaý däldi; çärjewli, kerkili, çarşaňňyly, daşhowuzly we köneürgençli gelinler Özbegistanda hem az däldi. Şol ýyllar özara medeni gatnaşyklar hem göwnejaýdy” diýip, daşoguzly pensioner, öňki pedagog belli özbek aýdymçysy Ohunjon Madaliýewiň "Türkmen gyzy" aýdymynyň iki doganlyk ýurduň halklary üçin ýakymly heňe öwrülendigini ýatlatdy.
Azatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen ýaşaýjylaryň köpüsiniň ynanjyna görä, özara gatnaşyklaryň peselmegine iki ýurduň arasynda çylşyrymly wiza düzgüniniň girizilmegi sebäp boldy.
Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistan 1999-njy ýylda GDA döwletleriniň ählisi bilen arada wiza düzgünini girizdi.
“Özbegistanyň birinji prezidenti Yslam Karimow Saparmyrat Nyýazowyň çendenaşa gözçykgynç şahsyýet kultuny wagtal-wagtal tankyt edip başlady. 2002-nji ýylyň Sanjar wakasy iki ýurduň üçden bir asyrlyk diplomatik gatnaşyklarynyň taryhynda iň agyr we dartgynly ýagdaý boldy” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Şonda, onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň Özbegistanyň çäginden Türkmenistana geçmegini bahana edip, milli howpsuzlyk işgärleri we esgerler Aşgabatdaky özbek ilçihanasyna basdyryp girdiler, Nyýazow Özbegistany terrorçylar diýilýänleri goldamakda aýyplady.
Synçylar iki ýurduň serhetleriniň şol wakadan soň tä 2004-nji ýylyň noýabryna çenli, Nyýazow we Karimow Buharada duşuşýança tas doly ýapyk galandygyny aýdýarlar.
“2004-nji ýylyň noýabrynda serhetýaka ýaşaýjylarynyň özara wizasyz, üç günlük baryp-gelmek mümkinçiligi baradaky şertnama gol çekilmegine garamazdan, iki ýurduň arasynda gatnaşyklar tä 2007-nji ýyla, Gurbanguly Berdimuhamedow prezident wezipesine gelýänçä dartgynly bolmagynda galdy” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.
Hormatly okyjylar, diňleýjiler, “Halkyň sesi” tapgyryndan türkmen-özbek gatnaşyklary barada taýýarlan synymyzy dolulygyna hepde ahyrynda diňläp bilersiňiz.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
