Türkmenistan ykdysady kynçylyk şertlerinde baýramçylyk günlerini azaldýar
Türkmenistanda döwlet derejesinde bellenilýän baýramçylyk günleriniň biri kemeldildi, ýagny Türkmen halysynyň güni bilen Dokma senagaty işgärleriniň güni birleşdirildi.
Döwlet eýeçiligindäki TDH habar gullugynyň ýazmagyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni, 19-njy ýanwarda geçirilen hökümet maslahatynda aýry-aýrylykda bellenilýän iki baýramçylygy birleşdirmek barada edilen teklibi goldady.
Mälim bolşy ýaly, Türkmen halysynyň güni maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär, Dokma senagaty işgärleriniň güni bolsa, iýun aýynyň ilkinji ýekşenbesinde bellenilýär.
Bu çäre, resmi düşündirişe görä, “pudaklaýyn düzümleriň işini kämilleşdirmek maksady" bilen görülýär.
Döwlet baştutany indi “Türkmen halysynyň we dokma senagaty işgärleriniň gününiň” maý aýynda bellenilmegini maksada laýyk hasaplaýar.
Türkmenistanda döwlet derejesinde bellenilýän hünär baýramçylyklarynda adatça ol ýa-da beýleki pudakda gazanylandygy aýdylýan netijeler mahabatlandyrylýar we olar köplenç býujet işgärleri, studentler we ýaşulular üçin mejbury çärä öwrülýär.