Türkmenistanda Mejlise we ýerli halk maslahatlaryna dalaşgärler hödürlenip başlandy
Türkmenistanda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna dalaşgärleri hödürlemek boýunça çäreler başlandy.
Resmi maglumatlarda dalaşgärleri hödürlemek işleriniň 24-nji ýanwar we 22-nji fewral aralygynda geçiriljekdigi, 3-27-nji fewral aralygynda olaryň bellige alynjakdygy habar berildi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleriniň işjeň häsiýetde alnyp barylýandygyny habar berdiler. Bu barada ýurduň Saýlawlar boýunça merkezi komitetiniň 23-nji ýanwarda geçiren maslahatynyň yzýany mälim edildi.
Türkmenistanyň 125 agzaly Mejlisi 2013-nji ýyla çenli bir partiýaly bolupdy. Häzirki wagtda Türkmenistanda hasaba alnan üç syýsy partiýa bar.
Türkmenistanyň milli kanun çykaryjy organyna 2006-njy ýyldan bäri Akja Nurberdiýewa ýolbaşçylyk edýär.