Donald Trump döwlet sekretary Reks Tillersony wezipesinden çetleşdirdi
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump döwlet sekretary Reks Tillersony wezipesinden çetleşdirip, onuň ýerine Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) başlygy Mike Pompeony belländigini aýtdy.
Merkezi aňtaw gullugynyň başlygynyň orunbasary Gina Haspel edara ýolbaşçylyk eder we bu wezipede ilkinji zenan bolar diýip, Tramp 13-nji martda Twitter arkaly habar berdi.
“Mike Pompeo, Merkezi aňtaw gullugynyň başlygy, biziň täze döwlet sekretarymyz bolar. Ol fantastik iş eder!” diýip, Tramp 13-nji martda Twitterde ýazdy we “Reks Tillersona hyzmaty üçin sag bolsun!” diýip belledi.
Tramp Tillersonyň Afrika eden gysgaldylan saparyndan gaýdyp gelmeginiň yzýany yglan eden öz kararyna hiç hili düşündiriş bermedi. Onuň bu karary “ExxonMobil” kompaniýasynyň öňki baştutany Tillersonyň ABŞ-nyň baş diplomaty wezipesinden çekilmegi barada ençeme aýlap dowam eden çaklamalaryň öňe sürülmeginiň yzýany yglan edildi.