Jon Bolton rus ilçisi bilen duşuşdy
ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça täze maslahatçysy Russiýanyň ABŞ-daky ilçisine iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň gowulaşyp başlanmagy üçin, Moskwanyň ABŞ-nyň saýlawlar, Britaniýada ulanylan nerw zäherleýji hüjüm, Ukrainadaky we Siriýadaky ýagdaýlar baradaky aladalanmalaryna jogap bermelidigini aýtdy.
Jon Bolton bu barada rus ilçisi Anatoliý Antanow bilen duşuşygynda belledi.
“Gepleşikleriň dowamynda ABŞ-nyň we Russiýanyň gatnaşyklarynyň ýagdaýy maslahat edildi” diýip, Ak Tamyň ýaýradan beýanatynda nygtalýar.