Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Türkmenistanda mekdep okuwçylary ten satýarlar, ir durmuşa çykýarlar

0
Türkmenistanda mekdep okuwçylary ten satýarlar, ir durmuşa çykýarlar

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçylary mekdepde okaýan ýetginjek gyzlaryň ten satmak bilen meşgullanmagy we ir durmuşa çykarylmagy bilen bagly wakalaryň köpelendigini aýdýarlar.

"Mekdep okuwçylarynyň 7-11-nji klaslarda okaýan gyzlaryň arasynda jynsy zorluklar, olaryň öz ygtyýary bilen ten söwdasyna baş goşmagy, şeýle-de 8-9-njy klas okuwçy gyzlaryň gaçyp durmuşa çykmagy bilen bagly ýagdaýlar köpelýar. Mekdep müdirleri bu barada bilseler-de, gizläp saklaýarlar" diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy aýtdy. 

Onuň döwlet edaralardaky çeşmelerine salgylanyp habar bermegine görä, şu ýyl Daşoguz welaýatynda ýetginjek gyzlaryň göwreli bolmagy we ten söwdasynda tutulmagy bilen bagly 60 çemesi waka hasaba alnypdyr. 

"Çagalar arasyndaky jenaýatçylyk agyr hasaplanýar we şu sebäpden şeýle ýagdaýlary welaýat derejesinden ýokara çykarman, köplenç hiç-kime garşy çäre görmezden welaýatyň özinde ýapyp goýberýärler" diýip, çeşmämiz Daşoguzdaky ýagdaýy gürrüň berýär.

Türkmenistanly synçylar bu ýagdaýyň döremeginiň sosial-ykdysady kynçylyklardan daşary korrupsiýa bilen baglydygyny belleýärler.

"Häzir okuwçy gyzlaryň jynsy hyzmatyny hödürleýän we polisiýada arkasy bar bolan ýörite toparlar, araçy aýallaram köpeldi" diýip, Azatlyk Radiosy bilen anonim şertlerde söhbetdeş bolan daşoguzly aýtdy we özüniň şaýat bolan bir wakasynda etrap mekdepleriniň birinde 8-nji klas okuwçysynyň göwreli bolup, özünden has uly ýaşly adama durmuşa çykandygyny gürrüň berdi. 

Azatlyk Radiosyna gürrüňi edilýän bu wakalaryň bolan takyk wagty, ýeri, olara gatnaşygy bolan adamlaryň atlary mälim, emma ahlak we howpsuzlyk sebäplerden bu maglumatlary agzamakdan saklanýar.

Türkmenistanda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň gatnaşmagyndaky jenaýatçylyklar we bidüzgünçilikler, şol sanda okuwçy gyzlaryň kämillik ýaşyna ýetmän durmuşa çykmagy, ten söwdasyna baş goşmagy resmiler tarapyndan açyk agzalmaýar bu mesele döwlet mediasynda gozgalmaýar.   

Emma munuň bilen bir wagtda ýurt häkimiýetleri mekdep okuwçylarynyň "ahlak terbiýesine" belli bir derejede üns berýändigini görkezýärler.

Şu ýylyň fewral aýynda Daşogzyň merkezi şäherinde we käbir etraplaryň mekdeplerinde okuwçylaryň el telefonlary zor bilen barlandy. Häkimiýetleriň bu çäre arkaly telefonlarda pornografiýa mazmunly wideo-suratlaryň gözlenýändigi aýtdylar. Mundanam başga, gyz okuwçylaryň ginekologiýa barlagyndan geçirilip başlanandygy barada habar berildi. 

Türkmenistanyň häkimiýetleriniň bu hereketleri telewideniýede pornografik, şeýle-de “ýaramaz endikleri höweslendirýän” maglumatlary efire bermegi gadagan edýän kanunyň kabul edilmeginiň yzýanyna gabat gelipdi. Kanun ýanwarda güýje girdi. 

Şeýle-de, türkmen häkimiýetleriniň gyzlaryň ahlagyna "gözegçilik" etmek boýunça soňky ýyllarda amala aşyran çäreleriniň ençemesi olaryň daş keşbine we hereket etmek düzgünlerine degişli boldy. Hususan-da, şu ýyldan başlap gyz okuwçylaryň mekdep geýimlerine milli nagyşly türkmen balagy goşuldy. Ondan öň ýaş gyzlaryň taksili gatnamakdan saklanmagyna duýduryş berlipdi.





Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал об экскурсиях на предприятия для школьников





Москва

Вебкам-студия MONTANA в Санкт-Петербурге


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин рассказал об экскурсиях на предприятия для школьников



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Пётр Чайковский

Международный фестиваль искусств Чайковского начинается в Клину




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Юбилейные медали получат почти 6 тысяч бамовцев

Депутат МГД Киселева назвала санкции ЕС поводом для поздравлений

Ростелеком: Объявлены итоги XIII конкурса «Вместе в цифровое будущее»


WTA

Путинцева в Бирмингеме завоевала третий титул WTA в карьере



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России