Türkmenistan ulag hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-azerbaýjan toparyny döretmek isleýär
![Türkmenistan ulag hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-azerbaýjan toparyny döretmek isleýär](https://gdb.rferl.org/835C876A-D220-49FA-B738-682BA673589E_cx0_cy12_cw0_w800_h450.jpg)
Türkmenistan türkmen-azerbaýjan hökümetara toparyny döretmäge çalyşýar, bu barada 30-njy oktýabrda, wise-premýer Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygynda Bakuwa guralan iş saparynda gepleşik geçirildi diýip, türkmen mediasy habar berýär.
M.Çakyýewiň 2-nji noýabrdaky hökümet mejlisinde beren habaryna laýyklykda, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen bolan duşuşyk mahalyndaüstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyny döretmek teklibi edildi.
Duşuşygyň dowamynda Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe (Lazurit) halkara ulag geçelgesiniň möhüm ähmiýeti bellenildi diýip, TDH ýazýar.
Neşiriň prezident Berdimuhamedoyň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistan Ýewropa- Kawkaz-Aziýa (TRASEKA) maksatnamasyna gatnaşyjy hökmünde çykyş etmäge taýýar, sebäbi Merkezi Aziýadan ugur alýan günbatar ulag geçelgesiniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegiň bir bölegi bolup durýar.