Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Aşgabatda 'Ahal' ýagy satuwda ýok, emma nobatlar dowam edýär

0
Aşgabatda 'Ahal' ýagy satuwda ýok, emma nobatlar dowam edýär

Aşgabadyň ýaşaýjylary pagta ýagyny satyn almak üçin daňdan dükanlaryň açylýan wagtyndan birnäçe sagat öň nobatlara düzülýärler. 

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, pagta ýagy paýtagtyň döwlet dükanlarynda 28-nji oktýabrdan bäri satuwa çykarylmaýar, muňa garamazdan döwlet dükanlarynyň öňündäki nobatlar daňdan sagat bäş bolmanka başlanýar.

Habarçylarymyz şu günler Aşgabadyň Parahat-1; 2; 3; 4 etrapçalarynyň döwlet dükanlarynyň ençemesine aýlanyp gördüler. 

"Diňe bir Parahat-2 mikroraýonynda döwlete degişli 3-4 sany azyk dükany bar. Olaryň ählisiniň öňünde daňdan sagat bäşde adamlar köpçülik bolup, nobata durýarlar, käbirleri dükanlaryň açylmagyna garaşyp, düşek ýazyp, oturýarlar" diýip, Azatlygyň habarçylarynyň biri 5-nji noýabrda habar berdi. Onuň sözlerine görä bu nobatlara adamlar "Ahal" markaly ýagy satyn almak tamasy bilen düzülýärler. Ýagyň şol gün satuwda bolup-bolmajagy diňe dükan açylansoň belli bolýar.  

Aşgabadyň döwletiň garamagyndaky dükanlarynyň käbiri ir sagat 8-de, beýlekileri 9-da açylýar. 

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda satylýan azyk önümleriniň, şol sanda pagta ýagynyň bahasy resmi taýdan kesgitlenýär we bazar nyrhyndan esli arzan bolýar. Paýtagtyň golaýyndaky Ahal ýag zawodunyň öndürýän ýagynyň şu günki bahasy 3 manat 40 teňňe, emma ol bu nyrhdan satuwda ýok. 

"Ahal ýagyna derek döwlet dükanlarynda Baýramalynyň ýag zawodunyň öndürýän "Ak pagta" atly ýagyny satýarlar, ony öz gabyňa goýup berýärler, sebäbi ol 200 litrlik demir çeleklerde getirilýär. Onuň bahasy hem 3 manat 40 teňňe, emma ony satyn almaga höwesjeň az bolýar, sebäbi onuň hili gaty pes, öýde ýakmaly bolýar" diýip, habarçymyz gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, Aşgabatda bu ýagy paýtagtyň töweregindäki obalardan gelýän ýaşaýjylar satyn alýarlar, sebäbi ol ýerde bu ýag hem satylmaýar.

Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmeleri ýurtda pagta çigidinden ýag öndürýän birnäçe kärhananyň bardygyny, emma Ahal zawodunyň önüminiň hiliniň has ganymat hasaplanýandygyny, sebäbi diňe bu zawoduň täze enjamlarda işleýändigini belleýärler.

Şol bir wagtyň özünde-de, Aşgabadyň dükanlarynda, supermarketlerinde we bazarlarynda daşary ýurtda öndürlen ösümlik ýagynyň dürli görnüşleri alyjylara hödürlenýär, emma birnäçe esse gymmat bahadan, käbir hususy dükanlarda "Ahal" ýagy hem duş gelýär. 

"Hususy dükanlardan Ahal ýagyny 11 manatdan tapyp bolýar. Ony ogryn satýarlar. Orsýetden getirilen günebakar ýagy 13 manatdan, mekgejöwen ýagy 20 manatdan, zeýtun ýagy ýarym litrligi 49 manatdan satylýar. Emma bu köpçüligiň satyn alaryndan gymmat" diýip, habarçymyz aýdýar. Onuň sözlerine görä, ýylyň başyndan bäri ösümlik ýagynyň bahasy ortaça 80% ýokarlandy. 

Türkmenistanda ortaça aýlyk 715 manada barabar.

Ýurtda unuň çöregiň, şekeriň we pagta ýagynyň gytçylygynyň emele gelmegine bir ýyla golaý boldy. Häkimiýetler we ýerli habar beriş serişdeleri ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan bu kynçylyklaryny agzamaýarlar, emmi şol döwürde nobatlaryň bolmazlygy üçin käbir çäreleri görýärler.

Hususan-da, ozalky aýlarda nobatlaryň döremezligi üçin döwlet edaralarynyň işgärlerine nobata durmazlyk tabşyrylypdy we olara temmi bermek, işden kowulmak haýbaty atylypdy, azyk satyn almak isleýänleriň dükanlaryň köçe tarapyndan durmagy gadagan edilipdi, nobatlaryň döreýän ýerlerinde polisiýanyň we howpsuzlyk güýçleriniň gözegçiligi, olaryň ýaşaýjylaryň nobatlary surata düşürmeginiň öňüni almagy ýola goýulypdy.

Şu günler nobatlar dükanlaryň köçe tarapynda däl-de, arka tarapynda döreýär. 

Şu günki gün paýtagtyň döwlet dükanlarynda nobata durýan adamlar esasan pagta ýagynyň satylmagyna garaşýarlar. Habarçylarymyzyň aýtmagyna görä, sebäbi döwlet bahasyndan unuň satuwdan aýrylmagyna ençeme wagt boldy. 

Un gytçylygy Türkmenistanyň beýleki regionlarynda-da dowam edýär. Daşoguzda, Lebapda un satylmaýar, emma muňa garamazdan ýerli ilat unuň satylmagyny tama edip, uly nobatlara durmagyny dowam etdirýär.





Губернаторы России
Москва

Москва-Пекин. Собянин в Китае подписал соглашение о сотрудничестве





Москва

Топ-5 самых ярких зарубежных архитектурных проектов на первичном рынке Москвы


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Москва-Пекин. Собянин в Китае подписал соглашение о сотрудничестве



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Вольфганг Амадей Моцарт

«12 Шедевров Моцарта» от Amadeus Concerts




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Резидент «Инсайт Люди» Дмитрий Зубов установил мировой рекорд по чеканке мяча

В Лужниках состоялась церемония открытия Всероссийской Спартакиады Специальной Олимпиады

В УФСИН России по Республике Дагестан прошли лично-командные соревнования по легкой атлетике


Кирилл Скачков

Кирилл Скачков из Новокузнецка стал победителем Игр стран БРИКС-2024



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

ДОКЛАД ПРО ДЕЛО СКРИПАЛЕЙ, САФРОНОВА, ГОЛУНОВА. ПРО НАУКУ АКТИВНОЙ ВСЕЛЕННОЙ. ЭКСПЕРТ АНАТОЛИЙ ГОЛОД.



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России