Gyrgyz prezidenti ýurduň ozalky baştutanyny basyş etmekde aýyplaýar
Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow ýurduň ozalky baştutany Almazbek Atambaýewiň oňa bikanun ýagdaýda täsir ýetirjek bolýandygyny aýtdy.
Jeenbekow 24.kg neşirine beren interwýusynda Atambaýewiň beýleki adamlaryň üsti bilen oňa basyş edýändigini aýtdy.
“Onuň üçünji şahyslary ulanyp meni güjüge öwürmek, hereketlerime gözegçilik etmek synanyşyklary ony adam, ozalky prezident, partiýadaş we ýaran hökmünde abraýdan düşürýär” diýip, Jeenbekow belledi.
Ozalky premýer-ministr Jeenbekow 2017-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanypdy. Şol pursat, Atambaýew oňa öz mirasdüşeri hökmünde goldaw bildiripdi.
Gyrgyz konstitusiýasyna laýyklykda, prezident diňe bir gezek alty ýyl möhlet bilen häkimiýet başynda oturyp bilýär.
Atambaýew wezipesinden giden badyna köp çykyş etmese-de, martda häkimiýet başyndaky Gyrgyzystanyň Sosial Demokratik Partiýasynyň başlyklygyna saýlanandan soň, Jeenbekowy ençeme ýagdaýda tankytlap çykyş edipdi. Jeenbekow hem bu partiýanyň agzasydyr.