Erdogan ABŞ-nyň kürt söweşijilerine hüjüm etmezlik çagyryşyny ret etdi
“Jon Bolton örän uly ýalňyşlyk goýberdi. Biz bu mesele boýunça ylalaşyp bilmeris” diýip, Erdogan Boltonyň Türkiýäni terk etmeginiň öňüsyrasy çykyş etdi.
Bolton Türkiýäniň Siriýadaky ABŞ ýaranlary bolan kürt milisiýasyna hüjüm etmejegine kepillik almak üçin, Ankara sapar edipdi. Türkiýe kürt milisiýasyna terrorçylar hökmünde garaýar.
Bolton Erdoganyň ýokary derejeli maslahatçysy Ibrahim Kalin bilen iki sagatlyk gepleşikleri geçirdi. Şol bir wagtda, Boltonyň Erodogan bilen geçirmegine garaşylan duşuşygy bolmady.
