Demirgazyk Koreýanyň liderine degişlidigi öýdülýän otly Pekini terk etdi
Hytaýyň prezidenti Şi Jinping Kimi gepleşikleri geçirmek üçin Pekine çagyrypdy. Bu Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň arasynda ikinji sammiti geçirmek gürrüňleriniň fonunda bolup geçýär.
Saparyň jikme-jikleri barada ne Hytaýyň, ne-de Demirgazyk Koreýanyň mediasy maglumat berdi.
Kim özüniň Täze ýyl gutlagynda eger-de Waşington sanksiýalaryny dowam etdirse, onda Phenýanyň ýadro gepleşiklerine bolan garaýyşyny üýtgedip biljekdigini duýdurypdy.
Kim özüniň ýeke-täk möhüm diplomatik ýarany Hytaýa eýýäm dördünji gezek sapar edýär.
