“Talyban” ABŞ resmileri bilen geçmeli Katardaky gepleşikleriň ýatyrylandygyny aýdýar
8-nji ýanwarda “Talybanyň” Owganystandaky lideri “Reuters” habarlar gullugyna gepleşikleriň 9-njy ýanwarda Kataryň paýtagty Dohada geçjekdigini aýdypdy.
Emma, sişenbe güni “Talybanyň” Dohadaky wekilleri Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna “gün tertibindäki meseleler boýunça düşünişmezlikler” babatyndaky “nobatdaky konsultasiýalara çenli” gepleşikleriň “yza süýşürilendigini” mälim etdi.
“Talybanyň” beýleki bir wekiliniň “Reuters” habarlar gullugyna beren maglumatyna görä, düşünişmezlikler Waşingtonyň gepleşiklere owgan hökümet resmileriniň hem gatnaşmalydygyny aýdandygy bilen bagly bolupdyr. Ol ok atyşyklary bes etmek, şeýle-de tussaglary çalyşmak meselelerinde hem ylalaşyksyzlyklaryň bardygyny belledi.
