Aziýa kubogy: Türkmen futbolçylary Ýaponiýadan ýeňildi
Türkmen oýunçylary Arslanmyrat Amanow oýnuň 26-njy minutynda, Ahmet Ataýew hem oýnuň 79-njy minutynda penalti arkaly gol geçirdiler.
Ýapon oýunçylary Ýuýa Osako oýnuň 56-njy we 60-njy minutlarynda, şeýle-de Ritsu Doan oýnuň 71-nji minutynda gol geçirdiler.
Türkmenistan “F” toparynda çykyş edip, ol Oman we Özbegistan bilen hem duşuşyklary geçirer.
