Ak Tam: Tramp Guaido bilen gepleşdi
Ak Tamyň metbugat wekiliniň sözlerine görä, Tramp “Wenesuelanyň demokratiýany dikeltmek ugrundaky göreşine berk goldawyny bildiripdir”.
Birleşen Ştatlar oppozisiýa lideri we Wenesuelanyň milli assamleýasynyň başlygy Guaidony ýurduň prezidenti hökmünde ykrar edipdi.
Käbir beýleki döwletler, şol sanda Russiýa hem prezident Nikolas Madurony goldaýarlar.
Trampyň Guaido bilen telefon gepleşigi, Wenesuelanyň Ýokary sudunyň Guaido garşy syýahatçylyk gadagançylygy girizmeginiň we bank hasaplaryny doňdurmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
35 ýaşly Guaido geçen hepde özüni Wenesuelanyň geçiji prezidenti diýip yglan edipdi.
