ABŞ owgan hökümetini “birikdiriji gepleşikçiler toparyny” döretmäge çagyrýar
ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili owgan hökümetini “Talyban” bilen parahatçylyk gepleşiklerine goşulmak üçin “birleşdirilen, içine alyjy we milli gepleşikçiler toparyny” döretmäge çagyrdy.
Zalmaý Halilzad owgan gepleşikçiler toparynyň öz içine “owgan hökümetiniň we beýleki owganlaryň”agzalaryny hem almalydygyny aýtdy.
Halilzat bu çagyryşy 22-nji fewralda, Ankarada rus kärdeşi, ilçi Zamir Kabulow bilen owgan parahatçylyk prosesini ilerletmegiň çäreleri barada eden maslahatyndan soň, twitter arkaly etdi.
"Ilçi Kabulow bilen men gepleşikler üçin syýahat päsgelçilikleri barada hem maslahat etdim” diýip, Halilzat aýtdy.
Halilzad bilen Kabulowyň 22-nji fewraldaky duşuşygy ABŞ diplomatlary bilen “Talyban” agzalarynyň nobatdaky gepleşikler tapgyrynyň öň ýanynda boldy. indiki gepleşik Kataryň paýtagty Dohada, 25-nji fewralda bolmaly.
Owgan talyban ýolbaşçylary 21-nji fewralda öz täze syýasy ýolbaşçylarynyň, “Talybany” esaslandyryjylaryň biri we harby weteran molla Abdul Ghani Baradaryň 25-nji fewraldaky gepleşiklere syýahat dokumentlerini almak kynçylygy sebäpligatnaşmajakdygyny aýtdylar.