Saud Arabystany Birleşen Ştatlardaky ilçisiniň wezipesine ilkinji aýal ilçini belledi
Saud Arabystany aýlak ýurdunyň iň möhüm orunlarynyň birine, ýurduň Birleşen Ştatlardaky ilçisiniň wezipesine ilkinji aýal ilçisini belledi.
Döwlet mediasy 23-nji fewralda Reema bint Bandar bin Sultanyň, Birleşen Ştatlarda ozal uzak wagt ilçi bolan diplomatyň gyzynyň Waşingtondaky ilçi wezipesine bellenilendigini habar berdi.
Ol şazada Khalid bin Salmanyň, hökmürowan täç geýdirilen şazada Muhammad bin Salmanyň doganynyň ýerine geçýär. Khalid bin Salman goranmak ministriniň – MBS-nyň orunbasary wezipesine bellenildi.
Olaryň ikisi hem saud patyşasy Salmanyň ogly.
Bu habar Riýadyň žurnalist Jamak Kaşogginiň Stambuldaky konsullygyň içinde saud agentleri tarapyndan öldürilmegi sebäpli ýüzbe-ýüzbe bolan global ýazgarmanyň garşysyna durmaga çalyşýan wagtyna geldi.
Şazada Khalid bin Salman Birleşen Ştatlarda 2017-nji ýyldan bäri ilçi bolup işleýärdi.