Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Апрель
2019

'Suw üçin tölegden soň aýlyk berler'

0
'Suw üçin tölegden soň aýlyk berler'

Aşgabadyň edara-kärhanalarynyň käbiri öz işgärlerinden suw töleglerini öňünden almak üçin özboluşly bir usuly oýlap tapypdyr. 

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň habar bermegine görä, hususan-da, "Aşgabatagyzsuw" edarasynyň işgärlerine, olar suw üçin töleg pullaryny öňünden tölemeseler, mart aýynyň aýlyklaryny bermekden ýüz öwrüpdirler.

"Wodokanalyň işgärleri mart aýy üçin ne awans, ne-de aýlyk alyp bildi. Aprel aýynyň başynda bolsa, olardan awans almak üçin hasap bölümine 50 manat tabşyrmagy talap etdiler, bolmasa awansyň berilmejegini duýdurdylar. Bu ýylyň birinji çärýegi üçin suw tölegi. Tölegiň ulanylan möçberden artyk bolan ýagdaýynda ol soň gaýtadan hasaplanylar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy, "Aşgabatagyzsuw" edarasynyň işgärlerine salgylanyp, 8-nji aprelde habar berdi.

Onuň sözlerine görä, işgärleriň ençemesinde pul bolmansoň, olar indi aljak aýlygyň hasabyna karz sorap, iş ýerinde talap edilen puly tölemeli bolupdyr. 

Emma olara kwitansiýa berilmändir, wada berlen aýlyk hem hasaplaryna entek geçirilmändir.

"Olara kwitansiýa bermediler. Awans hem tölemediler. Adamlar garaşýarlar" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň "Aşgabatagyzsuw" edarasynyň özünden maglumat almak synanyşygy häzirlikçe başa barmady.

Aprel aýynyň başynda “Aşgabatagyzsuw” edarasy paýtagtyň ýaşaýjylaryny suwy tygşytly ulanmaga we onuň töleglerini wagtynda geçirmäge çagyryş edipdi. 

Türkmenistanda býujet işgärleriniň zähmet haklaryndan dürli maksatlar üçin pul saklamak tejribesi ýyllarboýy dowam etdirilýär. Edara-kärhanalaryň işgärleri köçe arassaçylygy, bag ekmek we idetmek, döwlet metbugatyna abuna bolmak, köpçülikleýin çärelere goşant goşmak üçin yzygiderli häsiýetde öz aýlyklaryndan töleg edip gelýärler.

 

Türkmen häkimiýetleri ýurtda 25 ýylyň dowamynda ilata belli bir derejede mugt berlen suw, gaz we elektrik togy tölegli edilensoň, ilatdan tölegleri almak boýunça dürli usullary ulanyp gelýärler.

Soňky ýyllarda býujet işgärlerinden öz öýlerinde harç edilen suwy, gazy hasaplaýjy gurallaryň oturdylandygyny subut etmek üçin resminamalar we gurallary surata düşürmek talap edilipdi. Ýaşaýjylaryň bergisi sebäpli, togy, suwy, gazy kesilipdi. 

Türkmen hökümeti ilatyň durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygyny, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we sosial tölegleriň ýylda 10% göterilýändigini ýyllarboýy yglan edip gelýär. ​

Şol bir wagtda-da, ýurtda aýlyklar, pensiýalar wagtal-wagtal gijikdirilýär. Döwlet tarapyndan bank kartlaryna geçirilýän aýlyklary, pensiýa pullaryny nagtlaşdyrmakda ilat köpçüligi yzygiderli kynçylyk çekýär. 

Türkmenistanda işsizligiň derejesi barada resmi statistika köpçülige mälim edilmeýär, garaşsyz çeşmeleriň maglumatlarynda işsizligiň 60% çemesidigi habar berilýär.  

Üstesine, soňky bir ýyldan gowrak döwrüň dowamynda Türkmenistanyň ilaty durmuşyň çürk-kesik gymmatlamagy, azyk gytçylygy, şol sanda çörek we un ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýär. 





Губернаторы России
Москва

Москва-Пекин. Собянин в Китае подписал соглашение о сотрудничестве





Москва

За прошедшую неделю подмосковные росгвардейцы обеспечили безопасность более 200 мероприятий


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин прибыл в Китай с рабочим визитом



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Фёдор Шаляпин

«Всю жизнь я зарабатывал пением и… легким аферизмом». Прохор Шаляпин раскрыл источники дохода в шоу «Вкусно с Анфисой Чеховой» на ТВ-3    




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В УФСИН России по Республике Дагестан прошли лично-командные соревнования по легкой атлетике

В Лужниках состоялась церемония открытия Всероссийской Спартакиады Специальной Олимпиады

Красногорск первым встретил участников международного супермарафона Москва-Минск


Анна Курникова

Курникова показала трогательные фото Энрике Иглесиаса



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Красногорск первым встретил участников международного супермарафона Москва-Минск



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России