Polisiýa Pankiside gidroelektrostansiýanyň gurluşygyna garşy çykan ýaşaýjylar bilen çaknyşdy
Polisiýa 21-nji aprelde Gürjüstanyň Pankisi jülgesinde gidroelektrostansiýanyň gurluşygyna garşy protest bildirmek üçin ýygnanan ýerli ýaşaýjylar bilen çaknyşdy. Protestçiler özlerine garşy gözýaşardyjy gazy we rezin oklary ulanan polisiýany daşlady. Protestçileriň we polisiýanyň arasynda onlarça adamyň ýaralanandygy barada habar berildi.