Tramp Ýakyn Gündogara 1,500 esger ibermegi buýurdy, ýaranlara $8 milliardlyk ýarag satmagy tassyklady
Trampyň 24-nji maýda aýdan sözleriniň üsti biraz soň ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň beýanaty bilen ýetirildi. Ol beýanatda adminstrasiýanyň Saud Arabystanyna, Birleşen Arap Emirliklerine we Iordaniýa, “Eýranyň agressiýasyny saklamak üçin” $8.1 mlrd dollarly ýarag satmagy planlaşdyrýandygy aýdylýar.
Bu çäre Tramp adminstrasiýasynyň Eýran babatda barha ýokarlanýan ritorikasynyň çäginde görülýär.Goranmak departamentiniň resmileri žurnalistler bilen duşuşykda Eýrany we onuň ýaranlaryny Birleşen Arap Emirlikleriniň golaýyndaky tanker ýükleriniň ýakyndaky bombalanmasynda, Yrakdaky raketa atyşlygynda ilkinji gezek açyk günäkärlediler.
Wise-admiral Maýkl Gilday (Michael Gilday), bilelikdäki serkerdeler ştabynyň baş resmisi ABŞ resmileriniň dört gäminiň parlamasynda Eýranyň Rewolýusiýa gwardiýasynyň jogapkärdigine “berk ynanýar” diýdi.
Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif ABŞ-nyň Ýakyn Gündogara goşun ibermegi “halkara parahatçylygy üçin örän howply” diýdi.
