HDP lideri Orsýete garşy sanksiýalaryň gowşadylmak çagyryşyny ret edýär
Partiýa lideri Annegret Kramp-Karrenbauer 8-nji iýunda “Orsýet ol ýerdäki bolşuny üýtgedýänçä, o taýda ykdysady hyzmatdaşlygy üýtgetmek babatynda öwrüm etmek üçin ýer bolmaz” diýdi.
Onuň bu sözleri HDP boýunça partiýadaş ýoldaşy Maýkl Kretçmeriň (Michael Kretschmer), Germaniýanyň Saksony ştatynyň gubernatorynyň aýdan sözlerine garşy gelýär.
Kretçmer 7-nji iýunda Sankt-Peterburgdaky Halkara ykdysadyýet forumynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy we biraz soňra twitterde “gatnaşyklaryň gowulaşmagy üçin biziň sanksiýalary soňlamagymyz gerek” diýip ýazdy.
ÝB we ABŞ 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym sebitini anneksiýa edendigi we gündogar Ukrainada Kiýew hökümete garşy söweşýän separatistlere goldawy üçin Moskwa garşy maliýe sanksiýalaryny girizdi.
