ABŞ täze gazak hökümeti bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagy wada berýär
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo Gazagystanyň daşary işler ministri bilen gepleşenden soň, Amerikanyň energiýa baý merkezi aziýa ýurdy bilen gatnaşyklaryny “pugtalandyrmak” isleýändigini aýtdy.
Gazagystanyň daşary işler ministri Beibut Atamkulow 1-2-nji iýulda Waşingtona eden saparynda Pompeo hem-de ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi bilen gepleşik geçirdi.
Bu sapar Gazagystan geçen aýda Kasym-Žomart Tokaýewi prezident saýlandan soň amala aşyryldy. ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 2-nji iýulda Atamkulow bilen “duşuşmak gowy boldy" diýip twit etdi.
"Birleşen Ştatlar ABŞ-Gazagystan arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berk goldaw bildirýär we Tokaýewiň täze hökümeti bilen özara gatnaşyklary mundan aňryk hem berkitmäge umyt baglaýar” diýip, ol ýazdy.
Döwlet departamentiniň sözçüsi Morgan Ortagusyň beýanatynda aýdylmagyna görä, Pompeo [Tokaýewiň] Gazagystanyň syýasy gatnaşygyny giňeltmek we Gazagystanyň halkynyň esasy azatlyklarynyň goragyny pugtalandyrmak ugrunda görüljek çäreler babatdaky beýanatyny “gutlady”.
Şeýle-de, döwlet sekretary “Gazagystanyň öz Siriýadaky adamlaryny yzyna getirmekde we gaýtadan jemgyýete goşmakda” edýän tagallalaryny öwdi.
Şu ýyl Gazagystan Siriýadaky “Yslam döwleti” ekstremist topary bilen ilteşikli ýüzlerçe raýatyny yzyna, öz watanlaryna dolap getirdi.
Şu aralykda, Ak tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi John Bolton twitterde özüniň Atamkulow bilen “öňdenem gujurly” ABŞ-Gazagystan gatnaşyklaryny maslahatlaşandygyny aýtdy we Gazagystanyň Waşington bilen “energiýa, ykdysady we beýleki regional meseleler boýunça” hyzmatdaşlyk etmek üstünde işleýändigini belledi.