Russiýanyň harby bazasyndaky partlamada iki adam öldi
Bu aralykda, golaýdaky şäherlerde radiasiýanyň derejesiniň ýokarlanandygy bellenilýär.
Ministrlik 8-nji awgustda reaktor hereketlendirjisi partlanyndan soň, ýangynyň dörändigini habar berdi.
Ýerli resmiler partlamanyň we ýangynyň Nýonoksa şäheriniň golaýynda ýüze çykandygyny aýtdylar. Bellesek, bu ýerde atom suwasty gämileri üçin niýetlenen harby-deňiz ballistiki poligony ýerleşýär.
“Atmosfera hiç bir zyýanly himiki serişdeler syzmady. Şeýle-de radiasiýanyň derejesi kadaly” diýip, Goranmak ministrligi maglumat berdi.
Emma, hadysanyň ýüze çykan ýerinden 30 kilometr töweregi uzaklykda ýerleşýän Sewerodwinsk şäherinde, partlamanyň yzýany, radiasiýanyň “az mukdarda ýokary galandygy” hem aýdyldy.
Greenpeace toparynyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň sanlaryna salgylanyp beren maglumatyna görä, şäherde radiasiýanyň derejesi kadaly hasaplanýan görkezijiden 20 esse ýokary galypdyr.
