Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Август
2019

Aşgabatda ýene-de ýumurtga gytaldy

0
Türkmenistanyň paýtagtynda ýene-de towuk ýumurtgasynyň gytçylygy ýüze çykdy. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, ýumurtga döwlet dükanlarynyň ençemesinde satuwdan aýrylypdyr.


"Döwlet dükanlarynyň ählisinde dört gün bäri ýumurtga üpjünçiligi kesildi" diýip, habarçymyz 14-nji awgustda habar berdi. 


Paýtagtyň döwlet dükanlarynda ýumurtganyň satuwdaky möçberiniň azalandygyny habarçylarymyz geçen hepdäniň aýagynda habar beripdi.




Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ýumurtga gytçylygy geçen ýylyň aýagyndan bäri dowam edip gelýär. Ýumurtga wagtal-wagtal satuwdan aýrylýar, satuwa çykarylan wagtynda dürli çäklendirmeler bilen satylýar, nobatlar döreýär. 


Aşgabatda towuk ýumurtgasynyň söwdasy aprel aýynda hem çäklendirilipdi. Döwlet dükanlarynda ýumurtga adam başyna çäkli mukdarda satyldy, söwdasy diňe günüň başynda amala aşyryldy.


Iýul aýynda Azatlygyň habarçylary ýumurtganyň paýtagtlylara ozalkysyndan has elýeterli bolandygyny habar berip, alyjylaryň her adam başyna 30 ýumurtgadan satyn almagy üçin mümkinçiligiň dörändigini, emma resmi nyrhyň üstüne biraz goşulyp satylýandygyny aýdypdylar.







- Köp ýerde satyn alyp bolýar, açyk söwdada bar. Bir gutusyny hem alyp bolýar, ýagny 30 sanysyny, emma her birini 45 teňňeden däl-de, 50 teňňeden. Şeýlelikde bir gutusynyň bahasy 15 manada durýar - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz habar beripdi.


Üstesine, ozalky aýlarda towuk ýumurtgasy ýanyndan geçmeýän haryt goşulyp satylypdy. Hususan-da paýtagtyň ýaşaýjylary ýumurtga satyn almak üçin çüýşä gaplanan agyz suwuny hem satyn almalydy. 


Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda dowam edýän azyk gytçylygyny resmi taýdan agzamaýarlar. Şol bir wagtda-da, ýumurtga gytçylygynyň fonunda, türkmen hökümeti ýumurtganyň eksport edilýändigini habar berdi. Resmi maglumata görä, 2018-nji ýylda ýurduň daşyna 80 million çemesi ýumurtga satylypdyr. 


Türkmenistanda azyk önümleriniň bahasyna döwlet gözegçilik edýär. Döwlet dükanlarynda käbir azyk önümleri ilata kesgitli nyrhdan hödürlenýär, bazarlarda we hususy dükanlarda bahalar ençeme esse ýokary.







Döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň gytalmagy bilen bir wagtda, bazarlarda bahalaryň yzygiderli galýandygy göze ilýär. 


Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy welaýatdaky şu günki nyrhlar barada habar berýär:


- Merkezi bazarda Baý bazarynda et bir kilogramy 42 manada çenli gymmatlady, balyk 35 we 250 manat aralygynda, towuk eti 18 we 25 manat aralygynda, şeker 14 we 20 manat aralygynda, Özbegistanda we Gazagystanda öndürlen bir litrlik koka-kolanyň bahasy 25 manat - diýip, habarçymyz welaýatdaky ýagdaý barada habar berýär. 


Onuň sözlerine görä, şu günki gün Daşogzuň bazarlarynda azyk önümleriniň satylýan ýerlerinde alyjy köp göze ilmeýär, munuň bilen bir wagtda-da arzan alkogol we temmäki önümleri köpelipdir.


- Azyk önümleriniň gymmatlaýan wagtynda alkogol we temmäki önümleri köpeldi, bahalar arzanlady. Çilimiň bir gutusy 32 manada durýar, alkogolyň 0,5 litrini 20 manatdan, käbir ýerlerde has arzan satyn alyp bolýar - diýip, habarçymyz aýadýar. 


Türkmenistanda alkogolyň we temmäkiniň önümçiligi, importy we söwdasy döwletiň garamagynda amala aşyrylýar. 


Türkmenistanyň ilaty soňky iki ýyla golaý wagt bäri azyk önümleriniň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Soňky ýyllaryň dowamynda çöregiň, unuň, pagta ýagynyň, ýumurtganyň, tüwiniň we şekeriň söwdasy çäklendirmeler bilen we uly nobatlaryň döremeginde amala aşyrylýar. 




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Губернаторы России





Губернаторы России
103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России