Resmi Aşgabat ‘haj parahorlugyny’ boýun aldy, öňki ministriň we beýleki tussaglaryň 'teletobasyny' görkezdi
Korrupsiýa päsgelçilikleri boýunça dünýäde birinji ýerde durýan Türkmenistan ýurtda onlarça ýyl bäri döwlet serişdeleriniň hasabyna guralýan ýyllyk haj zyýaratlarynyň dindarlardan para almak üçin ulanylýandygy barada il içinde ýyllar boýy edilen gürrüňleri resmi taýdan tassyk etdi.