NATO-nyň delegasiýasy Gürjüstanyň Batumi şäherine bardy
Bu duşuşyk kurort şäheri Batumide geçirilýär we oňa ýaranlygyň hemişelik wekilleri hem gatnaşar diýlip, NATO-nyň ýaýradan habarynda aýdylýar.
Olar we Gottemoeller gürji prezidenti Salome Zourabiçwili, içeri işler ministri Waktang Gomelauri, goranmak ministri Arçil Talakwadze we parlamentiň agzalary bilen hem duşuşyklary geçirmegi planlaşdyrýarlar.
Gottemoelleriň Batuminiň döwlet uniwersitetindäki studentleriň öňünde çykyş etmegine hem garaşylýar.
