‘Talybanyň’ ýokary derejeli delegasiýasy Pakistanyň resmileri bilen gepleşikleri geçirýär
Owgan söweşiji toparyň esaslandyryjylarynyň biri we toparyň Katardaky syýasy edarasynyň başlygy Mullah Abdul Gani Baradaryň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa 3-nji oktýabrda Kureşi bilen duşuşdy.
“Talybanyň” wekilleriniň Yslamabada eden sapary Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzadyň “konsultasiýalar” üçin Pakistana baran mahalyna gabat geldi. “Talyban” delegasiýasy bilen Halilzadyň arasynda duşuşygyň geçiriljekdigi ýa-da geçirilmejekdigi nämälim bolup galýar.
“Talybanyň” Katardaky edarasynyň metbugat wekili Suhail Şahin AFP habar agentligine beren maglumatynda saparlaryň bir wagta “gabat gelendigini” aýtdy, ýöne ol Halilzad bilen duşuşygyň bolmak ähtimallygyny hem aradan aýyrmady.
“Näme üçin bolmasyn? Bu amerikanlara bagly” diýip, Şahin aýtdy.
Baradar “Talyban” delegasiýasynyň Pakistanyň resmileri bilen “möhüm meseleleri” ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýdypdy.
