Pompeo Gresiýa bilen täze goranmak şertnamasyna gol çekýär, Orsýeti, Eýrany, Hytaýy tankytlaýar
Şol bir wagtdaPompeo5-nji oktýabrda, Aina sapary mahalynda Orsýetiň NATO ýarany Gresiýawe onuň goňşularyna ýetirýän “bentniýet” täsirine salgylandy we Eýrandyr Hytaýy tankyt etdi.
Pompeo tarapyndan yglan edilen şertnama Larissada, Stefanovikioda weAlexandroupolide bilelikdäki ABŞ-Gresiýa we NATO işjeňlikleriniň ýokarlandyrylmagyny, Duda beý harby-deňiz bazasynda infrastruktura we beýleki döwrebaplaşdyrma çärelerini nazarda tutýar.
Türkiýe soňky wagtlardaky hereketleri, şol sanda Siriýada ABŞ ýaranlygynda söweşýän kürt söweşijilerine atan haýbatlary bilen Waşingtonyň gaharyny getirdi.
Gresiýa bilen Türkiýe öňden gelýän bäsdeş ýurtlar bolup durýar. Pompeo "Olar [täzelenen harby gatnaşyklar] baglanyşykly däl” diýip, bu çäreleriň diňe Gresiýanyň we ABŞ-nyň iň gowy bähbitlerine gönükdirilendigini nygtady.
