ABŞ Türkmenistana medeni mirasy dikeltmek üçin ýene grant berdi
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maglumatyna görä, grant gadymy Ýüpek ýolunyň boýundaky Daýahatyn kerwensaraýyny dikeltmek we gorap saklamak baradaky taslamanyň üçünji tapgyryny maliýeleşdirmäge gönükdiriler.
AFCP 2001-nji ýyldan bäri ýurtda umumy bahasy $1,6 milliondan gowrak serişdä duran 26 taslamany maliýeleşdirdi.
Şeýlelikde, Türkmenistan beýleki ýurtlara garanda medeni mirasy gorap saklamak üçin iň köp grant alan ýurt boldy.
